Amerikanyň Strategik Ýalňyşlygy

Adam Mc Connel- Ömer Çolakoglu

Amerikanyň Strategik Ýalňyşlygy

Mundan iki hepde ozal amerikaly resmilerden ybarat bolan uly bolmadyk wekiliýet türk syýasatçylary bilen gepleşikler geçirmek üçin Ankara geldi. Taraplaryň maslahatlara üns bilen çemeleşendiklerine garamazdan ýüze çykan ýeke-täk anyk netije geljek aýyň dowamynda ylalaşylan iki tarapyň arasyndaky aragatnaşyk kynçylyklaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen gönüden dialog mehanizminiň döredilmeginden ybarat.

Şol ýekeje netijeden daşgary beýleki meseleler soňky dört ýylda nähili bolsa, şol durşuna galan ýaly. Türk resmileri ABŞ-nyň PÝD/PKK bilen hyzmatdaşlygyny her gün tankyt edýärler. Amerikaly resmiler bolsa oňa jogap hökmünde şol ýygylykda ýurtlarynyň öz guramalary tarapyndan hem “terrorçy” hökmünde häsýetlendirilýän gurama bilen bolan gatnaşygyny gizlemäge, garaltmaga ýa-da ýüzleý jogaplar bilen meseläni üýtgetmäge synanşýarlar.

Beýleki amerikaly resmiler, hat-da Merkezi razwedka gullugy PÝD-niň PKK-nyň şahasydygyny ykrar etdiler. Emma amerikaly metbugat sekretarlary ýa-da beýleki amerikaly resmiler, türk resmileri ABŞ-nyň PÝD/PKK hyzmatdaşlygyny tankyt eden mahaly gazaba münen ýaly görünýärler. Türk jemgyýetçiliginiň ABŞ-na bolan gahar-gazaby artyp, Türkiýäniň ABŞ-nyň netiýetine bolan ynamsyzlygy çuňlaşýan bolsa, olaryň edýän ýekeje zady “gaharly” we “bizar bolan” äheňde geplemek. Başga ähtimallyklara ýol bermejek görnüşde öz ýalňyş syýasatlarynyň netijeleri sebäpli türk metbugatyny ýa-da “sklet adamlary” günäkärleýärler.

PÝD/PKK Türkiýäniň territorial bitewiligine howp salýar

ABŞ-nyň PÝD/PKK bilen hyzmatdaşlyk etmek we soň bolsa hyzmatdaşlyk gatnaşygy we harby gatnaşyk açmak baradaky karary 2014-nji ýylyň ahyrynda kabul edilýär. Şol kararyň kabul edilmegi DAIŞ-iň Türkiýe serhedinde Siriýanyň Rožawa etrabyna guran hüjümleriniň dowamynda kabul edilýär; türk hökümeti Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň ýaragly güýçleriniň Rožawa gelmegi üçin Türkiýeden geçmegine hem rugsat beripdi.

Obamanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň resmileriniň düşünmedik zady PÝD/PKK bilen gatnaşyk açmagyň Türk-Amerikan hyzmatdaşlygynyň esaslaryndan biriniň aşagyny opurjaklygydy. Hakykatçyl çemeleşilende 30 gowrak ýaşynda we roman ýazyjysy bolmak isleýän biri Prezident Obamanyň daşary syýasat boýunça baş geňeşçisi bolsa, mundan artyk zat bolmazdy.

Bu hyzmatdaşlygyň özenini Türkiýäniň käbir syýasaty öwrenijileriň kesgitleýşi ýaly “serhetaşa deňagramlaşdyryjy” bolan adaty islegdir. 19-njy asyryň ahyrlaryndan başlap ilki Osman, soň bolsa Türkiýe Respublikasynyň resmileri üçin esasy aladalandyryjy Osman ýa-da türk özygtyýarlygyna gönüden abanýan howplara garşy “bökdeýji” emele getirýän bolsa, beýleki tarapdan howp emele getirmeýän Super güýje eýe hyzmatdaş tapmakdy.

Türkiýe soňunda şeýle hyzmatdaşy 2-nji Jahan urşunyň dowamynda tapýar. Amerikaly resmiler bolsa Sowet Soýuzyna bil baglamagyň ýalňyşdygyny we olar bilen uzak dowam etjek syýasy göreşiň başlajakdygyna karar beren senesi bolan 1946-njy ýyla çenli Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga razy bolmadylar. Sowet Soýuzy bilen serhetdeş bolan Türkiýe ABŞ üçin “alynky front hyzmatdaşy” bolmalydy; ABŞ şol maksada laýyklykda Türkiýäniň dargamagyň bäriýanyna baran türk goşunyny döwrebaplaşdyrmalydy. Sowuk urşuň dowamynda Türkiýede köp sanly amerikan esgeri we resmisi bolan hem bolsa, Sowet Soýuzynyň emele getirýän ägirt uly howpy we ABŞ bilen aralaryndaky bähbitleriň mälim bolmagy Türkiýäniň aladalaryny köşeşdirdi.

Bu şertler Sowuk uruş gutarandan soň hem özgermedi. Gysga möhletli ejizlän hem bolsa Russiýa ozalky üç asyryň tejribelerinde görülşi ýaly türk özygtyýarlygyna garşy uzak möhletli howp bolmagynda galýardy. ABŞ sebitleýin çaknyşyklara has çuňdan aralaşdygy saýyn Türkiýedäki desgalary we harby şertleri möhüm faktora öwrüldi.

2014-nji ýyl öwrülşik nokadydy

Emma 2014-nji ýylyň ahyryndan bäri şertler özgerdi. Esasanda resmi Moskwanyň uruş sebäpli haraba öwrülen Siriýada indi eýelän pozisiýasy taýdan seredilende Russiýa howpynyň dowam edýändigi ikiuçsyzdyr. Emma Obamanyň häkimiýetiniň ABŞ-ny PÝD/PKK bilen hyzmatdaşlyga itmegi saýlap almagy Türkiýäniň territorial bitewiligine howp salmak maksady bilen döredilen güýç bilen hyzmatdaşlyk etmek manysyny aňladýar. Ýagny Obamanyň häkimiýeti türk özygtyýarlylygyna abanýan howpa goldaw bermegi saýlap aldy.

Türkiýäniň nukdaý nazaryndan seredilende ABŞ-nyň PÝD/PKK bilen edýän hyzmatdaşlygy resmi Waşington bilen strategik gatnaşygy dowam etdirmegiň sebäbini hem ortadan aýyrýar. Eýsem ABŞ häzirki wagtda strategik howpa öwrülmegi saýlap aldy. ABŞ-nyň şeýle gapyllyga nähili düşendigini analiz etmek taryhçylaryň işi. ABŞ-ny barýan ýolundan çykaran esasy faktorlar syýasatlaryň maglumatdan mahrum, ýalňyş maglumatlara esaslanýan we başarnyksyz görnüşde kesgitlenmegi we ABŞ-nyň sebitdäki öz hyzmatdaşlaryna ynanmak meselesindäki egilşiksiz islegsizlikdir.

Gülen, türk özygtyýarlygy üçin hem howp

Gynansagam ABŞ-nyň başarnyksyz hyzmatdaşlyk islegleri diňe bir PKK meselesi bilen çäkli däl. 2013-nji ýylyň dekabryndan soň türk içeri syýasatyna rasional we tarapsyz göz bilen seretmek isleýänler Fetullah Gülen kultunyň türk demokratiýasy üçin howpa öwrülendigine düşündiler. 2016-njy ýylyň iýulynda guralan başarnyksyz agdarlyşyk synanşygy, Güleniň ýaranlarynyň türk goşunynyň belli bölümlerini agdarlyşyk synanşygynda peýdalanmagy bilen onsuz hem bar bolan howp faktorynyň üssüne basyş we jenaýat goşuldy. Başga bir söz bilen aýdylanda Gülen guramasyna türk jemgyýetine we Türkiýäniň demokratik ýollar bilen saýlanan syýasy liderligine garşy gönüden, zorluk ediji howp hökmünde garalmaly.

Hemmeleriň bilişi ýaly Gülen 1999-njy ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýar. Ol hem ABŞ-nyň türk özygtyýarlygyna howp emele getirýän PÝD/PKK bilen hyzmatdaşlyga goşmaça, oňa abanýan beýleki bir howpy özünde jemleýändigi manysyny aňladýar. ABŞ şol hakykata garamazdan Güleni Türkiýä gaýtaryp bermek üçin hiç hili anyk başlangyç etmedi.

Bu meseläniň mantyk taýdan seljerilmeli beýleki bir tarapy hem bar. Eger-de ABŞ türk özygtyýarlygyna abanýan howp bilen hyzmaşlyk, beýlekisine ýer eýeçiligini edýän bolsa, onda Türkiýedäki harby güýçleri hem potensial howp hökmünde görülmäge başlanmazmyka? Men onuň şeýle däldigini aýtmak isleýärin, emma men saýlaw töwereginden we saýlawçylaryň howpsyzlygyndan, abadançylygyndan jogapkär türk syýasatçysy däl. Hem syýasy hem-de harby gatlakdan bolan türk resmileri üçin soňky bäş ýyldaky wakalar ABŞ-nyň ýurtdaky harby güýçlerine nähili çemeleşýändikleri meselesini doly çylşyrymlaşdyrdy.

Bu soňky we geljekde bolmagy ähtimal wakalar türk resmileri taýdan seredilende, mantyk jähtinden Türkiýede ornaşýan Amerikan güýçleriniň türk özygtyýarlyna howp döredýändigi netijesini ýüze çykarar. Ol hem mundan ozalky 70 ýylyň dowamynda bolan şertleriň, ýagny Amerikan güýçleriniň türk özygtyýarlygynyň hemaýatkäri hökmünde görülýän garaýyşynyň indi doly üýtgändigi manysyny aňladýar. Adam şeýle netijä gelenden we özüni şeýle netije ýetirýän wakalara hem-de mantyga doly göz ýetirende, ine şonda türk syýasatçylarynyň näme sebäpden ABŞ-na çuňňur ynamsyzsyzlyk duýmaga we ýakyn taryhdaky Amerikan aksiýalaryna gazaply reaksiýalar bildirmäge başlandygyna düşünmäge taýar bolar.

Özgeren strategik perspektiwa

ABŞ eger-de PÝD/PKK we Fetullah Gülen kultunyň ikisi bilen birden türk özygtyýarlygyna gönünden howp emele getirýän bolsa, onda indi Türkiýäniň 75 ýyl ozal tapan “serhetaşa deňagramlaşdyryjysy” däl diýmekdir. ABŞ oňa derek 19-njy asyrda Britaniýanyň we Fransiýanyň hemaýatyndaky, Russiýanyň üç asyrdan bäri degişli bolan “gönüden howp” kategoriýasyna ädim ädene meňzeýär. Bu güýçler şol wagtlar Osman döwletinden ýer almagyň kül-külündedi.

ABŞ eger Türkiýe Respublikasyndan ýer almaga synanşýan ýaragly başbozar topara goldaw berip, häzirki wagtda türk döwlet edaralarynda zorluk bilen hökmürowanlyk gurmaga synanşan dini terror guramasyna ýer eýeçiligini edýän bolsa, amerikaly ýolbaşçylar indi türkleriň gözünde 19-njy asyryň Britaniýasyndan, Fransiýasyndan we Russiýasyndan tapawutsyzdygyna düşünmeli. Şol sebäpli hem raýatlaryna garşy demokratik ýollardan saýlanan wekilleri hökmünde jogapkärçilgi bolan türk syýasatçylary ýa başga “serhetaşa deňagramlaşdyryjy” gözlemeli bolar ýa-da meseleleri öz ellerine almaly bolarlar.

Onuň bir mysaly türk döwletiniň özüne ýeterlik döwrebap ýarag öndürmekde soňky on ýylda eden tagallasydyr. Entek geçen hepde Türk ýaragly güýçleri ýaragly, sürüjisiz guryýer ulaglarynyň PÝD/PKK-ny Afrinden çykarmak üçin geçirilýän operasiýada ulanmaga başlajakdygyny beýan etdi.

19-njy asyrdan bäri Osman döwleti we Türkiýe diňe bir ýarag taýdan däl, esgerleriň taktiki tälimi taýdan hem esasan daşary ýurtlara garaşly bolup geldi. Emma soňky operasiýalarda, ýagny hem “Ýefrat Galkany” hem-de “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda ýaragly dronlar ýaly tas dolulygyna türk önümi bolan ýaraglar ulanyldy.

Ondan hem möhümi, şol operasiýalar iňňän ünsli meýilleşdirilip, iş ýüzüne geçirilýän okgunly göçümler bolandygy üçin diňe bir ýokary derejeli täsirli bolman, asuda ilat ýitgisi hem iňňän az. Ýagny türk harby meýilleşdirijileri we ofiserleri şäher urşy boýunça ABŞ-nyň entek eýe bolmadyk ukyplaryna eýe. Uruş gutarandan soň türk ynsanperwer kömek işgärleri ýerli halkyň durmuşlaryny we jemgyýetini ýaňadandan dikeltmekleri üçin dessine işe girişýärler. Umuman türkleriň daşary ýurt ýaraglary bilen tehnologiýa we taktikalara garaşlylygy ýokary depginde azalýar.

Bu taýdan şuny nygtamak isleýärin, hem häzirki hem-de ozalky Amerikan hökümetleri bu ýoly saýlap almak bilen türk syýasy we harby ýolbaşçylaryny şol ugurda hereket etmäge gönükdiren kararlary berdiler. Amerikaly resmiler türk raýatlaryny we syýasatçylaryny ABŞ-nyň henizem ynamdardygyna we türk özygtyýarlygyna gönüden howp emele getirmeýändigine razy etmek isleýän bolsalar, tapawutly kararlary kabul edip, iş ýüzüne geçirsinler.



Degişli Habarlar