Türk Daşary Syýasatyna Syn 10

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan “Afrika başlangyjy” syýasatynyň çäginde Günbatar Afrika ýurtlarynda saparda boldy

Türk Daşary Syýasatyna Syn 10

 

 

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan “Afrika başlangyjy” syýasatynyň çäginde Günbatar Afrika ýurtlarynda saparda boldy. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda şol saparlary we onuň türk daşary syýasatyna goşantlaryny analiz etmekçi.

Atatürk Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar Bölüminiň ylmy işgäri, Dr.Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan Günbatar Afrika ýurtlaryna guran saparynyň çäginde ilki bilen Alžire bardy. Mawritaniýa we Senagal bilen dowam eden sapar Malide tamamlandy. Şeýlelikde Erdogan Afrikada 2005-nji ýyldan bäri jemi 32 ýurtda saparda boldy. 12-den 41-e ýeten ilçihanalar we ýüz millionly sanlardan ýüz milliardlara ýeten söwda mukdaryna ýeten ösüş şol saparlaryň netijesi.

Saparlarda oňyn netijeler alyndy. Global meseleler barada pikir alyşyldy. Halkara terrorçylyga garşy göreş we Iýerusalim meselesiniň başda durmagynda köp sanly meseledäki garaýyş birligi ýene-de bir gezek beýan edildi. Özara söwda we maýa goýum şertleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Beýleki bir möhüm ugur bolsa FETÖ garşy göreş. Prezident R.T.Erdogan Afrika ýurtlarynyň liderleriniň FETÖ garşy göreşde eden güýçli arkalaşygynyň ahmiýetini nygtap geçdi.

Alžir bilen Türkiýäniň umumy taryhy geçmişinden gözbaş alýan dostlukly we doganlyk gatnaşyklary bar. Şol gatnaşyklar Erdoganyň 2006-njy ýylda Alžire guran taryhy sapardan soň hasam ösdi. Özara ýokary derejeli saparyň sany artdy. Ykdysady we söwda gatnaşyklarynda möhüm ösüşler edildi. Şol saparyň dowamynda gol çekişilen “Dostlyk we Hyzmatdaşlyk Ylalaşygy” öwrülşik nokadyny emele getirdi. Soňky döwürde iki ýurduň arasynda ýokary derejeli gatnaşyklaryň we saparlaryň sanynda artyş bar.

Türkiýäniň taryhy we dini gatnaşyklary bolan Mawritaniýa bilen syýasy gatnaşyklar dostluk we hyzmatdaşlyk esasynda ösýär. Iki ýurduň arasnda haýsydyr bir syýasy düşnüşmezlik ýok. Emma 2008-nji ýyla çenli iki ýurduň arasynda uly ösüş hem bolmady. Türkiýäniň “Afrika Başlangyjy Syýasaty” bilen bilelikde iki ýurduň arasynda özara we köp taraply platformalarda ýokary derejeli saparlaryň sany hem artdy. Mawritaniýanyň Prezidenti Abdel Aziziň 2010-njy ýylda Türkiýä sapary we şondan soň iki taraply häsýetde ilçihanalaryň açylmagy özara gatnaşyklaryň we saparlaryň depginini güýçlendirdi. İki ýurduň arasynda 2013-nji ýyldan bäri yzgiderli syýasy geňeşmeler geçirilýär.

Senegalyň 1960-njy ýylda garaşsyzlygyny almagyndan soň açylan Dakardaky türk ilçihanasyna garamazdan Senegalyň çäkli maliýe şertlerine seretmezden 2006-njy ýylyň awgust aýyndan başlap Ankarada ilçihana açyldy. Türkiýe bilen Senegalyň arasyndaky gatnaşyklarda soňky ýyllarda ösüş bar. Senegal Türkiýäni sebitinde we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda güýçli hem-de ykdysady taýdan ösen ýurtlar hökmünde görýär we gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýär.

Türkiýe bilen Maliniň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejeli. Gatnaşyklary soňky döwürde Maliniň Prezidentiniň, Mejlisiniň Başlygynyň we Premýer ministriniň Türkiýä guran saparlary bilen hasam güýçlendi. Türkiýäniň Malidäki ilçihanasy 2010-njy ýylyň 1-nji fewralynda işe başlady. Maliniň Prezidentiniň Syýasy geňeşçisi Brahim Sumar hem 2014-nji ýylyň 6-njy maýynda Ministrler kabinetiniň karary bilen Türkiýä ilçi hökmünde bellendi. Iki ýurduň arasynda köp sanly ugurda ylalaşyklara gol çekişildi. Geljekde-de şol ylalaşyklaryň üssüne başgalarynyň goşulmagyna garaşylýar.

Erdogana we Türkiýeden giden myhmanlara Afrika ýurtlarynda uly gyzyklanma bar. Onuň esasy sebäbi Türkiýäniň sebitdäki beýleki ýurtlardan tapawutly bolmagy. TIKA Afrikanyň suw we saglygy saklaýyş meselelerini çözmek ugrunda tagalla edýär. Türk Ýarym Gyzylaý Jemgyýeti ýoksullara azyk we çadyr berýär. Türk işewürleri maýa goýumlary bilen ýerli halka iş üpjünçiligini döredýär. Bularyň ählisi Türkiýäniň Afrika strategiýasynyň: “Afrika gazansa, Türkiýe hem gazanar” diýlen düşünjesine laýyk gelýär.

Afrika ýaly sebitde pozisiýa eýelemek uzak möhletli iş. Türkiýe şu günki günde edýän başlangyçlarynyň anyk netijelerini birnäçe on ýylda alar. Şol sebäpli sabyrlylyk bilen, erjellik bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmeli. Eýsem Türkiýäniň beýleki güýçler ýaly Afrikany ünsden düşürip bilmez.

Erdogan bu saparynda Günbatar Afrikanyň dört musulman ýurduna bardy. Özara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin bolsa bütin Afrika sapar guramakda ygrarly görünýär. Mundan soňky ugur Afrikanyň günortasy bolsa gerek. “Afrika Başlangyjy” bilen Erdogan Türkiýäniň sebitde adalatly dolanşyk gurmagyna goşant goşmagy nazarda tutýar. Afrikanyň galkynjakdygyna ynanýandygy üçin uzak möhletli göçümler edýär. Şol maksat Türkiýäniň strategik mejburlyklary bilen hem bagly.

Şol saparyň dowamynda başdan geçirilen wakalardan biri aslyna seredilende türkleriň Afrikadaky tapawutlydygyny beýan edýär. Prezident Erdogan özüne “Türkler Alžiri koloniýa hökmünde görýärmidi” diýip fransuz dilinde soran alžirli žurnaliste; “Türkler kolonialist bolan bolsady, sen bu soragy maňa fransuz dilinde däl, eýsem türk dilinde sorardyň” diýip jogap berdi. Şeýlelikde Türkiýäniň Afrikadaky tapawudynyň geň galdyryjy delilini hem görkezdi.



Degişli Habarlar