DAIŞ-iň lideri Abubekir Bagdady öldürildimi?

Russiýa terror guramasy DAIŞ-iň lideri Abdubekir Bagdadiniň öldürlendigini öňe sürdi

DAIŞ-iň lideri Abubekir Bagdady öldürildimi?

 

Russiýa terror guramasy DAIŞ-iň lideri Abdubekir Bagdadiniň 28-nji maýda Siriýanyň Rakka şäherine guralan howa hüjüminde öldürlendigini öňe sürdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda rus uçarlarynyň 28-nji maýda Rakkanyň golaýynda terror guramasy DAIŞ-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň maslahat geçirýän binasynyň nyşana alynandygy we hüjümde 30-y serkerde bolmak bilen 330-a golaý terrorçynyň öldürendigi nygtaldy.

Beýanatda Abubekir Bagdadyň nyşana alynan binada bolup bolmandygynyň we hüjümde ýogalyp ýogalmandygynyň anyklanylýandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar