Londondaky ýangynda ýogalanlaryň sany 79 adama ýetdi

Britaniýanyň paýtagty London şaherinde 24 gatly binada bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany 79-a ýetdi

Londondaky ýangynda ýogalanlaryň sany 79 adama ýetdi

Polisiýa gullugy ýangynda dereksiz ýitip, tapylmaýan adamlaryň hem öli hökmünde bellige alynjakdygyny habar berdi.

Ýangynyň geleňsizlik sebäpli bolandygyny aýdýan adamlar geçen hepdäniň ahyrynda protest geçirdiler.

Demonstrantlar Premýer ministr Tereza Meýiň wezipesinden çekilmegini islediler.

Tereza Meý ýangyn sebäpli zelel ýetenlere 5 million sterlin beriljekdigini habar berdi.

 



Degişli Habarlar