Fransiýada, Başar Asada berlen ordeniň yzyna alynmagy üçin kampaniýa başladyldy

“Damaskyň diktatoryna şeýle nyşanyň berilmegi utandyryjy”

Fransiýada, Başar Asada berlen ordeniň yzyna alynmagy üçin kampaniýa başladyldy

 

Fransiýada, Siriýanyň Prezidenti Başar Asada berlen abraý ordeniniň Prezident Emmanuel Makron tarapyndan yzyna alynmagy üçin internetde gol ýygnama kampaniýasy başladyldy.

Kampaniýa hakyndaky hatda “Damaskyň diktatoryna şeýle nyşanyň berilmegi utandyryjy” diýildi.

Hatda Fransiýanyň ozalky Prezidenti Žak Şirak tarapyndan 2001-nji ýylda Asada Elysse köşgünde berlen ordeniň yzyna alynmagyna üçin Prezident Makrona çagyryş berildi.

Hatda mundan başgada Makronoň 19-njy sentýabrda “Başar Asad jenaýatçydyr we eden etmişleriniň hasabyny bermelidir” diýen sözleri ýatladyldy.

 


Etiketkalar: nyşan , orden , yzyna almak

Degişli Habarlar