Mýanmadan gaçyp Bangladeşe gelen 320 müň çaga uly howp abanýar

“Bangladeşe gelen Arakanly çagalar uly wagşyçylyga şaýatlyk etdi we olar başdan geçiren şol agyr günlerini ýatdan çykaryp bilmeýär”

Mýanmadan gaçyp Bangladeşe gelen 320 müň çaga uly howp abanýar

 

Mýanmadaky çaknyşyklardan gaçyp Bangladeşe gelen 320 müň çaga düşelgelerdäki agyr durmuş şertleri sebäpli uly howp abanýar.

BMG-nyň Çagalara ýardam düzüminiň çap eden täze habarnamasy Arakan welaýatynda Mýanmanyň ýaragly güýçleriniň we budistleriň musulmanlara garşy guraýan hüjümleriniň elhenç netijesini ýüze çykardy.

Habarnamada her gün Arakanly 1200-e golaý çaganyň serhedi geçip Bangladeşe gelýändigi we soňky birnäçe günde Bangladeşe 10 müňe golaý Arakanly çaganyň gelendigi nygtaldy.

Bangladeşiň Koks Bazar şäherindäki bosgun düşelgesine baryp gören BMG-nyň Çagalara ýardam düzüminiň Baş müdüri Lake habarnama hakynda beýanat berdi.

Lake “Bangladeşe gelen Arakanly çagalar uly wagşyçylyga şaýatlyk etdi we olar başdan geçiren şol agyr günlerini ýatdan çykaryp bilmeýär” diýdi.

Lake şol çagalaryň gyssagly azyk we arassa agyz suwy bilen birlikde psihiki taýdan hem uly kömege garaşýandygyny aýratyn belledi.

 


Etiketkalar: çaga , bosgun , Bangladeş

Degişli Habarlar