Wladimir Putin, Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Germaniýanyň Federal Kansleri ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň Siriýada guran hüjümleriniň halkara hukuga bap gelmeýändigini beýan etdi

Wladimir Putin, Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä Putin bilen Merkeliň arasynda gün tertibiniň esasy ugry Siriýa bolan telefon söhbetdeşligi geçirildi.

Putin Merkele 3 ýurdyň geçen hepdäniň şenbe günündäki Siriýa guran hüjüminiň krizisiň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine örän zeper ýetirendigini belledi.

Telefon söhbetdeşliginde Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasynyň hünärmenleriniň himiki ýarag ulanlynadygy öňe sürülen sebitde derňew geçirmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Iki lider Astana we Ženewa etaplary bilen birlikde Siriýa babatynda syýasy we diplomatik tagallalaryň ýaňadandan janlandyrylmagy ugrunda tagalla etmäge we bu babatda gepleşikler geçirmäge taýardyklaryny beýan etdiler.

Telefon söhbetdeşliginde Demirgazyk Akym-2 tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygy bilen baglanşykly meseleler hem ara alynyp maslahatlaşyldy.



Degişli Habarlar