Tramp Amerikan goşunynyň 6-njy bölümi hökmünde “Kosmos gýçlerini” döretmek barada görkezme berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamda geçirilen Milli kosmos geňşiniň maslahatynda Amerikan goşunynyň üýtgedilip gurulmagy barada garaýyşlaryny beýan etdi

Tramp Amerikan goşunynyň 6-njy bölümi hökmünde “Kosmos gýçlerini” döretmek barada görkezme berdi

ABŞ-nyň diňe bir ýer ýüzünde däl, älem giňişliginde-de güýçli pozisiýa eýelemelidigini aýdan Tramp; “Amerikany goraýarkak älem giňişliginde diňe bir Amerikan güýçleriniň bolmagy ýeterlik däl, älem giňişliginde Amerikan hökmürowanlygy bolmaly” diýdi.

Tramp şol maksada ýetmek üçin; “Ýaragly güýçleriň 6-njy bölümi hökmünde Kosmos güýçleriniň döredilmegi üçin degişli işlere dessine başlamak boýunça Goranmak ministrligine buýruk berýärin. Bu iňňän uly başlangyç. Howa güýçlerimiz bolar, şeýle-de Kosmos güýçlerimiz bolar; özbaşdak, emma deň” diýdi.

Donald Tramp çykyşyndan soň “Kosmos güýçleriniň” döredilmegi üçin harby goşuna, älem giňişligindäki galyndylar boýunça hem degişli edaralara ygtyýar berýän buýruklara gol çekdi.


Etiketkalar: kosmos , ABŞ , Donald Tramp

Degişli Habarlar