3 günlük ylalaşykdan soň ilkinji hüjüm guraldy

Taliban Owganystanda üç günlük Oraza baýramy mynasybetli bes edilen hüjümlerine ýaňadandan başlady

3 günlük ylalaşykdan soň ilkinji hüjüm guraldy

Badhyz şäherinde guralan hüjümde 30 sany howpsyzlyk işgäri ýogaldy.

Ertiriň irki sagatlarynda guralan hüjümde Talibanyň birnäçe nokatdan herekete geçendigi habar berildi.

Badhyz welaýat Mejlisiniň Başlygy Abdul Aziz Bek Bala etrabynda harby bazalardan birine hüjüm guralandygyny beýan etdi.

Owganystanyň hökümeti şu gün möhleti gutarýan 10 günlük ylalaşyk yglan edipdi.

Taliban bolsa 2001-nji ýylda ABŞ-nyň hüjümleriniň başlamagyndan bäri ilkinji gezek hüjümleri bes etmek barada karara gelipdi.



Degişli Habarlar