"Putin we Tramp gizlin ýagdaýda ylalaşmady"

Antonow Russiýanyň ABŞ-niň içerki meselelerine goşulyşýandygy baradaky öňe sürmeleri akylsyzlyk hökmünde häsýetlendirdi

"Putin we Tramp gizlin ýagdaýda ylalaşmady"

Russiýanyň ABŞ-däki ilçisi Anatoliý Antonow duşenbe güni Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde ilkinji giňişleýin duşuşyk geçiren Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň gizlin ýagdaýda ylalaşmandygyny nygtady. 

Metbugat işgärleriniň bu babatdaky soraglaryna jogap beren Antonow: "Wladimir Putin ähli zady gürrüň berdi. Helsinkide geçen duşuşyk bilen bagly alan maglumatlaryma görä hiç hili gizlin ylalaşyk gazanylmady" diýdi. 

Russiýanyň ABŞ-niň içerki meselelerine goşulyşýandygy baradaky öňe sürmeleri akylsyzlyk hökmünde häsýetlendiren Antonow şu günki günde şonuň bilen bagly hiç hili subutnamanyň ýokdygyny belledi. 

 



Degişli Habarlar