"Türk Akymy Wengriýa çenli uzap biler”

Putin bilen Orban özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi

"Türk Akymy Wengriýa çenli uzap biler”

Resmi sapar bilen Moskwa baran Wengiýanyň Premýer ministri Wiktor Orban  Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Putin bilen Orban özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Putin “Rus gazy Wengriýadan üstaşyr Ýewropa çenli barýar. Wenger hyzmatdaşlarymyz bilen rus gazyny Ýewropa akdyrjak täze geçirijileriň üstünde işleýäris. Türk Akymy geljekde Wengriýa çenli uzap biler” diýdi.

Energetikanyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özenini emele getirýändigini aýdan Putin, Wengriýanyň sarp edýän nebitiniň 75 göterimini, gazynyň hem 60 göterimini Russiýadan alýandygyna ünsi çekdi.

Wengiýanyň Premýer ministri Wiktor Orban hem möhledi 2019-njy ýylda tamamlanýan häzirki şertnamanyň möhlediniň 2020-njy ýyla çenli uzadylmagy babatynda Putin bilen ylalaşandyklaryny belledi.

 


Etiketkalar: Türk Akymy , Russiýa , Wengriýa

Degişli Habarlar