"Rus uçarynyň urlup düşürilmeginde ysraýylly uçarmanlar bilkastlaýyn hereket etdi"

"Bu waka Russiýa-Ysraýyl gatnaşyklaryna zeper ýetirer"

"Rus uçarynyň urlup düşürilmeginde ysraýylly uçarmanlar bilkastlaýyn hereket etdi"

Kreml rus uçarynyň urlup düşürilmeginde ysraýylly uçarmanlaryň bilkastlaýyn hereket edendigini habar berdi.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda bu wakanyň Russiýa-Ysraýyl gatnaşyklaryna zeper ýetirjekdigi nygtaldy.

Geçen hepde Russiýa degişli Il-20 kysymly harby uçar Ysraýylyň Siriýa guran hüjümi sebäpli Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan S-200 ulgamlary tarapyndan urlup düşürlipdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ysraýylyň harby uçarlarynyň Il-20-ni howadan goranyş ulgamlaryna garşy galkan hökmünde ulanandygyny we wakadan Ysraýylyň jogapkärdigini mälim etdi.

Rus uçarynyň urlup düşürilmegi netijesinde 15 rus esgeri ýogalypdy.

 

 



Degişli Habarlar