BMG-niň Baş sekretary žurnalist Jemal Kyşykçy bilen bagly beýanat berdi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş, 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygyna gireninden soň dereksiz ýiten žurnalist Jemal Kyşykçy bilen bagly Britaniýanyň BBC kanalyna beýanat berdi

BMG-niň Baş sekretary žurnalist Jemal Kyşykçy bilen bagly beýanat berdi

Bu ýagdaýa alada bildirýändigini aýdan Antoniu Guterreş: “Bular ýaly wakalaryň sany artýar we halkara jemgyýet muňa rugsat bermeli däldir” diýip belledi.

Antoniu Guterreş, Jemal Kaşykçy wakasynyň derňelmegini isläp: “Hakykatyň ýüze çykarylmagy, näme bolandygy we jogapkäriniň kimdigi anyklanmagy hökmany” diýdi.

Antoniu Guterreş, Kaşykçy wakasynyň arkasynda Saud Arabystanynyň bardygy anyklanan halatynda Riýatda geçiriljek Maýa goýum konferensiýasyna gidilip-gidilmejekdigi baradaky soraga: “Näme bolandygy bilen bagly soraga anyk bir jogap berilmeli we hökümetler şoňa laýyk ýagdaýda reaksiýa bildirmeli” diýip jogap berdi.  



Degişli Habarlar