Eýranyň Prezidenti ABŞ-e nägilelik bildirdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-niň ýurdundaky esasy maksadynyň hökümeti agdarmakdygyny nygtady

Eýranyň Prezidenti ABŞ-e nägilelik bildirdi

Tähran uniwersitediniň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Hasan Ruhani, ABŞ-niň Eýrana garşy ykdysady we psihologik söweş alyp barýandygyny belledi.

Ruhani: “ABŞ-niň Eýrandaky esasy maksady hökümeti agdarmak. Bu maksadyna ýetmek üçin ykdysady we psiholgik söweş başlatdy. Mundan soňky göçüm bolsa kanuna laýyklyk bilen bagly jedelleşikleri başlatmak we hökümeti işläp bolmajak ýagdaýa getirmek” diýdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň taryhda görülmedik derejede bir Eýran duşmanydygyny aýdan Ruhani: “Ozalky wagtlarda bir duşman bolsa, beýlekisi orta ýoluny dowam etdirerdi. Häzirki wagtda ABŞ-ni dolandyrýanlar taryhda görülmedik derejede bir Eýran duşmançylygy babatynda jebislik bolupdyrlar” diýip beýan etdi.

Noýabr aýynda 2-nji sanksiýa pakediniň durmuşa geçirilmäge başlanjak bolmagynyň halkda umytysyzlyk döretmeli däldigini aýdan Eýranyň Prezidenti: “Ýakyn wagtda ýagdaý has hem erbet bolup biler. Emma uzak möhletde ähli zat has gowy bolar” diýip habar berdi.

Resmi Waşingtonyň 5-nji noýabrda sanksiýalaryň 2-nji tapgyryny ýola goýmaga başlamagy bilen, Eýranyň nebit kärhanalaryna halkara çäklendirmeler giriziler.


Etiketkalar: Donald Tramp , ABŞ , Eýran

Degişli Habarlar