Somalide iki aýry hüjüm guraldy

Hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä 15 adam ýogaldy

Somalide iki aýry hüjüm guraldy

Somaliniň günorta-günbataryndaky Baýdabo şäherinde guralan iki aýry bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 15 adam ýogaldy.

Baýdabo şäherinde guralan ilkinji hüjüm, bomba ýüklenen ulag bilen somalili syýasatçylaryň ýygy-ýygydan barýan Bilan myhmanhanasynda guraldy, ikinji hüjümde bolsa kamikaze hüjümçisi şäheriň el-Bedri naharhanasynda özüni partlatdy.

Şol bir wagtlarda guralan hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä 15 adam ýogaldy, hüjümlerde ýaralanan adamlaryň hem bardygy habar berildi.

Hüjümiň jogapkärçiliklerini umuman alynanda terror guramasy Eş-Şebab öz üstüne alýar.


Etiketkalar: hüjüm , Somali

Degişli Habarlar