Tramp: “Bir žurnalistiň öldürilmegi elhenç bir zat” diýdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly köptaraplaýyn hasabatyň 20.11.2018-de sişenbe güni taýýar boljakdygyny mälim etdi

Tramp: “Bir žurnalistiň öldürilmegi elhenç bir zat” diýdi

Kaliforniýa ştatynda tokaý ýangynlaryna garşy alynyp barylýan göreşe gözegçilik eden Tramp, Malibu şäherinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Merkezi Razwedka gullugynyň (CIA) Kaşykçyny öldürmek baradaky buýrugy Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman tarapyndan berilendigi baradaky öňe sürmeleriň üstünde durup geçen Tramp: “Entek hiç hili netijä gelmediler. Netijesini aýtamk üçin entek örän ir. Bu dolulygyna tamamlanmadyk bir habarnama” diýip habar berdi.

Tramp: “Öňümizdäki 2 günüň dowamynda, belki duşenbe güni ýa-da sişenbe güni doly hasabaty alarys we dolulygyna tamamlanar” diýip belledi.

Günüň dowamynda Merkezi Razwedka gullugynyň (CIA) başlygy Gina Haspel bilen söhbetdeş bolandygyny aýdan Tramp: “Bir žurnalistiň öldürilmegi elhenç bir zat” diýdi.

Kaliforniýa ugramadan ozal Ak Tamyň howlusynda žurnalistlere beýanat beren Tramp, Merkezi Razwedka gullugynyň saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçyny öldürmek baradaky buýrugyň Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman tarapyndan berilendigi baradaky habarlar bilen bagly Merkezi Razwedka gullugynyň entek özüne bir brifing bermändigini habar beripdi.

Tramp: “Şu wagt maňa onuň (Bin Selmanyň) bu wakada rolunyň bolmandygy aýdyldy. Näme diýjekdiklerine garaşarys” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar