Türk Dünýäsinden Habarlar

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türk dünýäsinin dürli sebitlerinden gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirmekçi

Türk Dünýäsinden Habarlar

 Ilkinji habarymyz Özbegistandan. Özbegistandan Ankaraly işewür adamlara maýa goýum çagyryşy.

Özbegistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ulfat Kadirow Ankaraly işewür adamlara ýurdyna maýa goýmaga çagyryp: “Hiç bir maýadar puluny Özbegistanyň topragynda ýitirmez” diýdi.

Ankara Söwda palatasyndan berilen ýazmaça beýanata görä Kadirow Ankara Söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary Mustafa Derýal bilen duşuşdy.

Duşuşykda söz sözlän Kadirow Özbegistanda 80-den gowrak türk kärhanasynyň iş alyp barýandygyny belledi.

Ýurtlarynda türk işewür adamlaryň halanýandygyny bellän Kadirow Türkiýäniň özleri üçin nusga bir ýurt ýagdaýyndadygyny habar berdi.

Kadirow Özbegistanyň esasan hem dokma, azyk, oba-hojalyk we syýahatçylyk pudaklarynda iş alyp barýan kärhanalara zerurlygynyň bardygyna ünsleri çekip: “Hiç bir daşary ýurtly puluny Özbegistanyň topragynda ýitirmez. Türk doganlarymyz Özbegistana gitsinler, öz gözleri bilen görsünler. Derňew geçirsinler” diýdi.

Ankara Söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary Derýal hem Kadirow bilen geçiren duşuşygyna hoşallyk bildirip, Özbegistana dogan ýurt hökmünde garaýandyklaryny nygtady.

Iki ýurdyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň söwdada hem görkezilmeginiň wajypdygyny aýdan Derýal: “Ata ýurdumyz Özbegistan bilen täze sahypa açyldy. Bu sahypa dogry we owadan zatlary ýazalyň. Ankaranyň Söwda palatasy hökmünde biziň paýymyza näme düşýän bolsa, şony iň gowy ýagdaýda ýerine ýetirmäge taýardyrys. Ankarada her dürli önümçiligimiz bar. Özbegistana maýa goýmak üçin häzirki wagt bir pursat. Ilkinji giden gazanar” diýip belledi.

TRT TSR-nyň hormatly dostlary. Nobatda Gzagystandan gelen bir habarymyz bar. Gazagystan-Türkiýe Işewür we maýa goýum forumy Çimkent şäherinde geçirildi.

Forumda çykyş eden Gazagystanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ozalky ilçisi Tuýmebaýew: “Gazagystan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigiň agzasy bolandygy üçin 200 million ilatly uly bir bazara girmäge mümkinçilik berýär. Bu pursady ulanmaklary üçin Türk işewür adamlaryny çagyrýarys” diýdi.

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministrliginiň wekili Sönmez: “Iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwady bolmaly potansialyň aşagynda. Hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döredip, söwda kuwwadymyzy has hem artdyrmalydyrys” diýdi.

          Gazagystanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ozalky ilçisi we Günorta Gazagystan welaýatynyň häkimi Janseýit Tuymebaýew Ýewraziýa Ykdysady Bileleşige agza bolmak bilen 200 million ilatly bazara girmäge mümükinçilik döredýän Gazagystanyň bar bolan pursatlary ulanmaklary üçin türk işewür adamlaryna ýurtlarynda maýa goýmaga çagyrdy.

Tuýmebaýew Gazagystanyň Çimkent şäherinde geçirilen Gazagystan-Türkiýe Işewürler we maýa goýum forumynda türk metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Günorta Gazagystanda 3 ýyl ozal açylan Gazak-türk senagat zolagynda häzirki wagtda 8 taslamanyň durmuşa geçirilýändigini bellän Tuýmebaýew senagat zolagynda maýa goýmak isleýän türk işewür adamlar üçin infrastruturasy taýar meýdanlaryň beriljekdigini, mundan başgada salgyt babatynda ýeňillikleriň dörediljekdigini mälim etdi.

Tuýmebaýew Günorta Gazagystan welaýatynda ady agzalan senagat zolagy we beýleki ýerlerde takmynan 30 türk kärhanasynyň mebel, gurluşyk harytlary, parnik we beýleki ugurlarda iş alyp barýandygyny görkezýär.

Günbatar Ýewropa we günbatar Hytaý ýolunyň ugrunda ýerleşýän Günorta Gazagystan welaýatynyň logistika taýdan eýe bolan potansialyň üstünde durup geçen Tuýmebaýew: “Günorta Gazagystandan Russiýa, Ýewropa we Hytaýa gysga ýollar bilen gidip bolýar. Şol bir wagtda 30 million ilatly Özbegistan bar. Gazagystan mundan başgada Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigiň agzasy bolandygy üçin 200 million ilatly uly bir bazara girmäge mümkinçilik döredýär. Şular ýaly mümkinçilikleri ulanmaklary üçin Türkiýä çagyryş berýäris” diýdi.

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministrliginiň wekili Taryk Sönmez bolsa global söwdadaky peselişiň we geosyýasy dartgynlygyň ähli ýurtlara öz täsirini ýetirendigini, emma krizisleri mümkin boldygy saýyn mümkinçiliklere öwürip, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegi maksat edinýändiklerini habar berdi.

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda 2012-nji ýylda 4,5 milliard dollara ýeten söwda kuwwadyň global krisiz sebäpli 2016-njy ýylda 2 milliard dollara peselendigini aýdan Sönmez Türkiýeden Gazagystana egin-eşik, elektrik, enjam we demir önümleriň eksport edilýändigini, Türkiýäniň bolsa Gazagystandan nebit we magdan önümleriniň import edilýändigini ýatlatdy.

Nobatda Tatarystanda gelip gowuşan habarymyz bar. Beýik tatar şahyr Abdullah Tukaýyň ansiklopediýasy taýar.

26 ýyllyk gysga ömrüne elýetmez eserler sygdyran Tatar dili we edebiýetynyň düýbini tutanlaryň biri bolan tatarlaryň beýik şahyry Abdullah Tukaýyň ömri we döredijiligini özünde jemleýän ansiklopediýa okyjylara hödürlendi. Ansiklopediýa 7-nji fewralda Tatarystan Bilimler akademiýasynda tanyşdyryldy.

Tatarystanyň Dil, Edebiýat we sungat institutlarynyň tagallalary bilen taýarlanan kitap Tatar sosial bilimi ugrunda işleýän 135 ýazyjynyň tapawutly ugurlarda ýazan eserleri özünde jemleýär.

Tatarystanyň Bilimler akademiýasynyň berýän maglumatyna görä kitapda Abdullah Tukaý barada 2358 makala bar.

Bu makalalar diňe kagyzyň üsti bilen däl, olar şol bir wagtda teatryň, telewideniýeniň, filmleriň, aýdym-sazlaryň üsti bilen Tukaýy taryp edýär.

Tukaýyň eserleriniň tapawutly dünýäsi, şahyryň ömri we sungata bolan tapawutly garaýyşy analiz edilýär we tatar sungaty bilen meşgullanýanlara hödürlendi.

Ansiklpoediýanyň tanyşdyrylyş maslahatynda şahyryň sungat bilen baglanşykly sergi açyldy. Kitabyň tatar edebiýatynyň taryhynda Abdullah Tukaý bilen baglanşykly ilkinji ansiklpoediýa boljakdygyna ünsle çekilýär.

Abdullah Tukaý tatarlaryň beýik şahyry, ýazyjy we çap ediji. Tukaý döwrebap Idil tatar edebiýatynyň we diliniň hem atasydyr.

Tatar we halk edebiýatlaryny örän gowy bilen Abdullah Tukaý arap, pars, rus, başkurt, türk dilleri we edebiýatlary bilen ýakyndan gyzyklanypdyr.



Degişli Habarlar