Türk Dünýäsinden Habarlar

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda hem Türki dilli döwletlerden gelen möhüm habarlary siziň dykgatyňyza ýetirmekçi

Türk Dünýäsinden Habarlar

 

Hormatly TSR-nyň dostlary. Ilkinji habarymyz Türkmenistan bilen baglanşykly.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda geçirilen Prezident saýlawlaryň netijesinde sesleriň 97,69 göterimini alyp ýaňadandan Prezidentlige saýlandy.

Türkmenistanda 12-nji fewralda ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri mälim edildi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow beýanat berip saýlawlaryň gutarnykly netijelerini mälim etdi.

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sesleriň 97,69 göterimini alyp ýaňadandan Prezidentlige saýlandy.

Türkmen lider Berdimuhamedow saýlawlarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär bolupdy.

1997-nji ýylda Saglygy goraýyş ministri hökmünde syýasy durmuşa gadam basan 59 ýaşly Gurbanguly Berdimuhamedow; 2007-nji ýylda 89,23, 2012-nji ýyldaky saýlawlarda bolsa 97,4 göterim ses alyp, döwlet ýolbaşçylygyna saýlanypdy.

12-nji fewral ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda üçünji gezek saýlanan Berdimuhamedow; 7 ýyl möhlet bilen prezidentlik wezipesini alyp barar.

Türkmenistanyn Mejlisiniň 2016-njy ýylda konstitutsiýa girizen özgertmesi bilen döwlet ýolbaşçysynyň iş möhleti 7 ýyla çenli uzaldylypdy we 70 ýaş çäklendirmesi hem aýrylypdy.

Ýaňadandan Prezidentlige saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglar gelmäge dowam edýär.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we başgada ençeme döwlediň döwlet we hökümet ýolbaşçylary Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan üstünligi bilen gutladylar.

 

 

Nobatda Azerbaýjandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Türkiýä garşy hereket edeniň öňüne Azerbaýjan böwet bolar.

Ýewropa Geňeşiniň Parlamentar mejlisiniň agzasy we Azerbaýjanyň deputaty Ganire Paşaýewanyň ýurdunyň hemişe Türkiýäniň ýanynda bolandygyny belledi.

Ganire Paşaýewa Anadoly habarlar gullyugyna beren beýanatynda Azerbaýjan-Türkiýe gatnaşyklarynyň we sebitdäki beýleki möhüm meseleleriň üstünde durup geçdi.

Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň Azerbaýjanyň Prezidentiniň beýanat berendigini ýatladan Paşaýewa: "Ol oňaýsyz we gorkunç gije Prezidentimiz Ilham Aliýew bu babatda anyk bir jogap berdi. Prezidentimiz Türkiýäniň güýji biziň güýjümizdir, Türkiýe güýçlense Azerbaýjan hem güýçlener diýipdi. Men hem hemişe şuny gaýtalaýaryn: Türkiýäniň barmagyna zyňylan daş biziň kellämize deger. Şol sebäpli hem içeride hem-de daşaryda kimde kim Türkiýä garşy hereket etse onuň öňüne Azerbaýjan böwet bolar" diýdi.

Käbir daşarky güýçleriň gowşak we dolandyrylyp boljak Türkiýe isleýändiklerini, şony hem başaryp bilmeýändikleri üçin Türkiýäniň nyşana astyna alandyklaryna ünsi çeken Paşaýewa: "Gynansagam şu günki günlerde Türkiýäniň güýçlenmegini islemeýän, Türkiýäni gowşatmaga synanyşan bir topar daşarky güýçler Türkiýäniň galkynyşynyň ýerine bölmegi arzuw edýärler. Ýewropada we Amerikada ýerleşýän bu daşarky güýçleriň 90 göterimi Türkiýäniň güýçlenmegini islänok. Sebäbi dolandyryp boljak bir Türkiýe isleýärler. Şony hem ýerine ýetirip bilmeýändikleri üçin indi şol güýçler birigip bölmäge, bölek-bölek etmäge synanyşýarlar" diýdi.

Paşaýewa daşarky güýçleriň Türkiýäni nyşana alan bir döwründe yslam dünýasiniň hem tarapyny kesgitlemeginiň wajypdygyny nygtap: "Şu sözleri hemişe gaýýtalaýaryn. Türkiýe bölünse yslam dünýäsi hem bölüner.  Türkiýäniň güýji yslam dünýäsiniň hem güýji. Yslam dünýäsiniň ýurtlary hem mundan beýläk şoňa düşünmek we şoňa görä daşarky güýçlere garşy durmak we Türkiýäni goramaga mejbur" diýdi.

Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagynyň sebit üçin örän möhümdigini bellän Paşaýewa by hyzmatdaşlygyň Siriýa parahatçylyk getirjekdigini habar berdi.

 

Nobatda Özbegistandan gelen habarymyz bar.

Ymam Termiziniň adyny göterýän merkez dörediler…

Halkara ylmy barlaglary geçirjek merkezde Termizinin eserleri öwreniler.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Ymam Termizi adyndaky ylmy barlag merkeziniň döredilmegi üçin karar çykardy.

Özbegistanyň Termez şäherinde yslam dininiň gözbaşyny emele getirýän hadyslary ýüze çkaryp, yslam medeniýetiniň esaslandyrylmagyna goşant goşan beýik alym we pikirzada Ymam Termiziniň adyny göterýän merkez dörediler…

Halkara ylmy barlaglary geçirjek merkezde Termizinin eserleri öwreniler.

Ylmy barmag merkeziniň maksady yslam dünýäsinde Ymam Buharydan son durýan Termizinin mirasyny ýüze çykarmak.

Şol maksada laýyklykda seminarlar, simpoziumlar we maslahatlar geçiriler.

Özbegistan Termizi ýaly şol topraklarda önüp-ösen ruhy ägirtlerini bütin dünýä tanyşdyrar.

 

Soňky habarymyz bolsa Tatarystandan gelip gowuşdy.

Tatarystan 2017-nji ýylda syýahatçylara garaşýar.

Soňky ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň iň gowy syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Tatarystana wiza garamazdan türk syýahatçylaryň ýokary talaby dowam edýär.

Tatarystanda geçirilen Syýahatçylyk forumynda çykyş eden Tatarystanyň Syýahatçylyk komitediniň başlygynyň orunbasary Artur Abdraşitow Türkiýeden Tatrystana her ýyl takmynan 10 müň syýahatçynyň gelýändigini habar berdi.

Artur Abdraşitow: "Soňky 2 ýyla çenli Tatarystana Türkiýeden gelen syýahatçylaryň sanynda artyş bardy. Emma soňky ýyllarda bu san azaldy. Ýende Türkiýeden takmynan 10 müň syýahatçy Tatarystana gelýär" diýdi.

Abdraşitow Türkiýeden gelýänleriň diňe turist hökmünde dälde, şol bir wagtda iş üçin gelýändiklerini, ozaldan düýbi tutulan gatnaşyklaryň dowam edýändigini, ençeme türk işewür adamsynyň Tatarystanda maýa goýumlarynyň bardygyny we olaryň käbirleriniň syýahatçylyk pudagy bilen baglanşyklydygyny mälim etdi.

Maslahata Türkiýäniň Russiýadaky ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ataşesi Alper Özkan hem gatnaşdy.

Maslahatda çykyş eden Özkan syýahatçylaryň diňe Russiýadan Türkiýä däl, eýsem Türkiýeden Russiýa gelýändiklerini we soňky wagtlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gowylaşandygyny belledi.



Degişli Habarlar