Aktual Analiz

Siriýa meselesi

Aktual Analiz

Siriýada Astanadaky we Jenewadaky gepleşikleriň çäginde dowam etdirilýän diplomatik tagallalaryn netijesinde Siriýanyň hökümeti bilen oppozision güýçleriň arasynda umumy çaknyşmazlyk şerti ýüze çykdy. Emma harby taýdan gazanylan bu çäkli üstünligiň syýasy, dolanşyk we konstitutsiýa boýunça gazanylmandygyna göz ýetirmek bolýar. Siriýanyň hem syýasy we dolanşyk taýdan geljegi hem-de ýurtda kabul ediljek täze konstitutsiýa baradaky düşnüşmezlikleriň bardygy görülýär. bular ugurlaryň ählisine ýaramaz täsir ýetirýän esasy mesele bolsa uly güýçleriň arasynda DAİŞ-e garşy bilelikdäki strategiýanyň kabul edilmezligidir. Esasanda soňky günlerde Munbiçde başdan geçirilen syýasy we harby wakalar Russiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki güýçleriň Rakka bilelikde operasiýa guramagyň ýerine eýe bolan geografik we syýasy häkimiýetini giňeltmegiň kül-külüne düşendiklerini görkezýär.

Munbiçiň birnäçe jähtden Siriýanyň geljegi taýdan möhümdigini aýdyp bileris. birinjisi: DAİŞ-iň Halap bilen bolan soňky serhetdeşligi. İkinjisi DAİŞ-in merkezi bolan Rakka ýolunyň urgunda düşelgäniň ýerleşmegi taýdan strategik ähmiýete eýe. Üçünjisi Türkiýänin Obamanyň häkimiýet başyndaka beýan eden we henizem dowam edýän garşylyga seretmezden sebitiň esasy bölegine gözegçilik edýän PKK-ÝPG-niň Munbiçde çykyp, Ýefrat derýasynyň gündogaryna çekilmezligi we onuň Türkiýe-Amerika we Russiýa gatnaşyklaryna ýaramaz täsirlerini dowam etmegi.

Mundan daşgary geçen hepde terror guramasy PÝD/PKK-nyň öňbaşçylyk etmegindäki Siriýanyň Demkratik Güýçleriniň (SDG) Munbiçde Türkiýe tarapyndan goldanýan Azat Siriýa goşuny bilen serhetdeş obalary Siriýanyň goşunlarynyň gözegçiligine berjekdiklerini beýan etmegi şertleri hasam çylşyrymlaşdyrdy. SDG bilen Siriýanyň hökümetiniň arasynda ylalaşylandygy we ony üpjün edeniň Russiýa bolandygy garaşsyz habar serişdeleri tarapyndan beýan edildi. Amerikaly ýolbaşçylar bolsa ilki bu barasynda giňişleýin maglumat bermekden çetde duran hem bolsalar, soň Pentagon tarapyndan berilen beýannamada Munbiçe we etrabyna 500 Amerikan esgeriniň ornaşdyrylandygy habar berildi. Şeýle-de ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardan jogapkär serkerdesi Towsendiň “Rakka operasiýasynda ÝPG-ä degişli güýçleriň hem gatnaşjakdygy” baradaky beýannamasy Munbiç üçin uly güýçleriň arasynda çekeleşigin bardygyny aç-açan ýüze çykardy.

ABŞ Munbiçde PKK-PÝD bilen strategik üstünlik eýelemäge synanşýan bolsa, şol strategiýanyň Türkiýesiz netije bermejekdigini görýär we Peşmerge güýçlerinden peýdalanmak ýaly çykalgalar tapmaga synanşýar. PKK-ÝPG barada hasap düzýän beýleki güýç bolsa Russiýa. Resmi Moskwa Ankaranyň ähli garşylyklara seretmezden Demirgazyk Siriýada Awtanom Kürt dolanşygynyň döredilmegini Jenewadaky gepleşikler üçin taýarlan Siriýanyň konstitutsiýanyň taslamasyna goşdy. Şeýle-de onuň bilen çäklenmän PKK terror guramasy hökmünde ykrar etmän, Moskwada kürt kongresiniň geçirilmegine goldaw berdi. Russiýanyň Siriýanyň hökümeti bilen birlikde PKK-ÝPG-den hem peýdalanmak islemegi resmi Moskwanyň hususan Siriýada we umuman Ýakyn Gündogarda uly hasabynyň bardygy garaýyşyny ýüze çykarýar. Russiýanyň birinji maksady; Siriýadaky häkimiýetini gorap saklamak we giňeltmek, ikinji maksadynyň ÝPG ýaly serişdeleri elinden alyp ABŞ-ny Siriýada mümkin gadar ejizletmekden ybaratdygy görülýär. Siriýadaky pozisiýasyny güýçlendiren Russiýanyň Ýakyn Gündogardaky güýç balansynda-da täsirini artdyrmaga synanşýandygy şübhesiz.

Jemläp aýdanymyzda bularyň ählisi beýik güýçleriň arasynda Siriýadaky esasy mesele, onuň durnukly geljegi däl, eýsem geljekde sebitde kimiň höküm sürjekdigi. Bu hem Rakka guralmagy ähtimal operasiýa bilen bagly näbelliligi dowam etdirýär. Bularyň ýüze çykarýan beýleki bir netijesi bolsa Türkiýäniň degişli bolmadyk strategiýalaryň netijesiz galjakdygy.


Etiketkalar: Rakka , höküm , ABŞ , PKK , Siriýa

Degişli Habarlar