Aktual Analiz

“Gollandiýany İkiýüzli Çemeleşmeden El Çekmäge Çagyrýaryn”

Aktual Analiz

NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasynyň Türkiýe toparynyň başlygy Osman Aşkyn Bak NATO-da hyzmatdaş bolan Gollandiýanyň hökümetinden hyzmatdaşlyk düşünjesine laýyk hereket etmegine garaşýandyklaryny nygtap: “Gollandiýanyň degişli guramalaryny başga ýurtlara garşy taýak hökmünde ulanylýan gymmatlyklaryna özleriniň tabyn bolmaklaryny, ikiýüzli we iki standartly çemeleşmelerinden el çekmäge çagyrýaryn” diýdi.

Osman Aşkyn Bak beren ýazmaça beýannamasynda Daşary işler ministri Çawuşoglynyň türk raýatlary bilen duşuşmak üçin 11-nji martda Gollandiýa gurajak saparynyň dürli bökdençlikler netijesinde bes edilmegini ýazgardy.

Şol gün Gollandiýa sapar guran Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýa edilen gelşiksiz çemeleşmäniň kabul edilip bilinmejekdigini beýan eden Bak, saýlanan ministre, türk milletiniň ygtyýarynyň wekiline, bir zenana şeýle çemeleşilmeginiň türk milletine we türk döwletine äsgermezçilikdigini, ähliumumy gymmatlyklaryň basgylanmagy manysyny aňladýandygyny nygtady.

Osman Aşkyn Bak, ministr Kaýa edilen Gollandiýadaky diplomatik wekilhanalara we raýatlara garşy diplomatik hem-de demokratik gymmatlyklara bap gelmeýän bu çemeleşmeleri NATO-nyň türk toparynyň başlygy hökmünde berk ýazgarýandygyny beýan etdi.

Bak, NATO-nyň esaslandyryjy ýurtlaryndan biri bolan Türkiýe bilen 400 ýyldan gowrak dowam edýän düýpli diplomatik gatnaşyklara eýe bolan Gollandiýanyň şeýle duşmançylykly çemeleşmesiniň 1961-nji ýylda kabul edilen Konsullyk gatnaşyklary baradaky Wena Konwensiýasyna äsgermezçilik manysyny aňladýandygyny nygtady.

Gollandiýanyň howpsyzlyk gulluklarynyň parahatçylykly ýygnanşyk hukugyndan peýdalanýan türk jemagatyna adamkärçilige sygmaýan we kemsidiji usullar bilen aşa çäre görendigine insi çeken Bak, Ýewropa Geňeşine agza hökmünde Ýewropanyň Adam hukuklary baradaky Konwensiýasyna tabyn bolma borçlulygyny kabul eden Gollandiýanyň hökümetiniň halkara jogapkärçiliklerini düýpli bozandygyny beýan etdi.

Bu wakalar bilen gyzyklanan metbugat işgärleriniň habar almak we habar ýaýratmak azatlyklarynyň aşa güýç bilen bökdelendigini ýatladan Bak, şeýle diýdi: “Gollandiýanyň guramalarynyň bu çemeleşmesi Gollandiýadaky türk jemagatynyň demokratik hukuklaryna we buýsanjyna edilen hüjümdir. Gollandiýanyň hökümetiniň türk ministrlerine, diplomatik wekillerimiz bilen asuda ilata hem-de metbugat işgärlerine bolan bu çemeleşmesi Ýewropa tarapyndan ündelýän gymmatlyklar we demokratiýa üçin uly howp emele getirýär. Bu elhenç waka ÝB üçin hem möhüm synag häsýetine eýe. ÝB Gollandiýanyň bu düzgün bozmalaryna berk reaksiýa görkezmän, degişli çäreleri görmese, onsuz hem pese gaçan abraýyny we ynamyny ýitirdigi bolar. Ýewropa kontinenti islamafobiýa we türkofobiýa hassalyklarynyň penjesinde ejir çekýär. Uzak ýyllardan bäri Türkiýä adam hukuklary, hukuk, demokratiýa nesihatyny berenleriň aslyna seredilende şol gymmatlyklardan nähili daşdadygyny; 1-nji we 2-nji Jahan uruşlarynda pida bolan onlarça million adamdan, başdan geçirilen unudylmaz gam-gussalardan degişli netijäniň henizem çykarylmandygyna gynanmak bilen şaýatlyk edýärin. Bu faşistik çemeleşmeleriň bütin Ýewropada ýaýramazlygyny, başdan geçirilen gynandyryjy wakalaryň gaýtalanmazlygyny tama edýärin.

Pursatdan peýdalanyp Gollandiýanyň demokratiýa, adam hukuklaryna we azatlyklaryna bap gelmeýän şu faşistik we gelşiksiz çemeleşmesini ýenede bir gezek ýazgarýaryn. NATO-da hyzmatdaşlyk edýän Gollandiýanyň hökümetinden hyzmatdaşlyk düşünjesine laýyk hereket etmegine garaşýaryn we Gollandiýanyň degişli guramalaryna başga ýurtlar üçin serişde hökmünde ulanýan gymmatlyklaryna özleriniň hem tabyn bolup, ikiýüzli we iki standartly çemeleşmelerinden el çekmäge çagyrýaryn.”



Degişli Habarlar