Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türk dünýäsiniň ýaşulusy Nursoltan Nazarbaýew

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Ýewraziýanyň we Türk dünýäsiniň strategik taýdan wajyp ýurtlaryň biri bolan Gazagystan Respublikasynda garaşsyzlyk yglan edileninden bäri liderlik Nursultan Nazarbaýewiň ýolbaşçylygy astynda. Biz hem bu gepleşigimizde Nursultan Nazarbaýewiň ýolbaşçylygyndaky hökümedi we onuň sebite täsirini analiz ederis. Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Jemil Dogaç Ipekığ şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny siziň dykgatyňyza ýetirmekçi.

Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan bäri ýagny 1991-nji ýyldan bäri ýurdyň lideri. Ol 1991-nji ýyldan bäri diňe bir Gazagystanyň däl eýsem Türk dünýäsiniň we beýleki ençeme ýurdyň ynamyny gazandy. Ol parahatçylygyň tarapdary bolan bir lider hökmünde dünýä jemgyýetinde tanalýar we sarpalanýar.

      Nazarbaýew Almata şäheriniň golaýyndaky Çemlgan diýilen ýerde, atly-abraýly maşgalada 1940-njy ýylda dogulýar. Ol Sowuk söweşi başlan mahaly başlangyç synpa gidýärdi. Ýokary synpda bolsa metallurgiýa bilimini aldy. 1962-nji ýylda Karagandy uniwersitediniň metallurgiýa inženeri bölümini tamamlady. 1984-nji ýyla çenli alyp baran býurokratik işlerinde işgärleriň meseleleri bilen ýakyndan gyzyklandy. Senagat ugrunda ýüze çykýan meseleleriň çözüwinde wajyp rollaryň birini oýnady. Işgärleriň hukuklaryny gorap merkeze teklipler hödürledi.

     

1991-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçirilen saýlawlarda ýeke täk dalaşgär hökmünde gatnaşan Nazarbaýew 21-nji dekabrda Almatada Gazagystanyň garaşsyzlygyne eýe bolmagy bilen bagly protokola gol çekdi. 1991-nji ýyldan soň, 1999, 2005, 2011 we 2015-nji ýyllarda Prezidentlige dalaşgär boldy we saýlawlaryň ählisinde halkyň goldawyny alyp üstünlik gazandy. 1997-nji ýylda paýtagty Almatadan Astana geçirdi. Nazarbaýew Russiýa bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklaryny dowam etdirdi, emma ABŞ, Türkiýe, Türk dünýäsi, Ýewropa ýurtlary we Ysraýyl bilen gatmaşyklaryny hem ösdürdi.

      Nazarbaýew daşary syýasatda bir syýasat alyp barmagyň ýerine her bir ýurt bilen araçäk saklady. Ol köptaraplaýyn bir syýasat alyp barýar. Bu köptaraplaýyn syýasaty sebäpli Nazarbaýew dünýä jemgyýetinde Ylalaşdyryjy lider hökmünde garalýar. Bilişimiz ýaly Siriýa krizisini we Siriýada başdan geçirilýän adamzat dramasyny ortadan aýyrmak üçin hem işe girişdi. Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň goldawy bilen Astana gepleşiklerini hem ýola goýdy. Gazagystanyň gepleşiklere öňbaşçylyk etmegi Siriýanyň esasy aktýorlarynyň biri bolan türkmenleriň hem Astana gepleşiklerine gatnaşmagyna eltdi.

      Gazagystan häzirki wagtda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzasy. Gazagystanyň Türkiýeden soň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzasy bolmagy Türki dünýäsi üçin uly bir pursat. Bu ýagdaý Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe ýaly agzalary bolan Türk geňeşi üçin hem dürli-dürli mümkinçilikler döredip biler. Bu ýerde Gazagystanyň we Türkiýäniň goldaýan Türk geňeşine Türkmenistanyň we Özbegistanyň agza bolmaklary möhüm.

      Häzirki wagtda Fransiýa nähli BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Frankofon ýurtlaryň wekili hökmünde görülýän bolsa, öňümizdäki ýyllarda Türkofon ýurtlaryna wekilçilik etjek Türk Geňeşine agza ýurdyň hem BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde bolmagy Türk dünýäsi tarapyndan BMG-na ýetirilip biliner.

 Nazarbaýew terror guramasy FETÖ-niň Türkiýedäki agdarlyşyk synanyşygyndan soň Türkiýäniň tarapyny tutdy we Ankara sapar guran ilkinji döwlet ýolbaşçy boldy. Nazarbaýewiň “Türkiýä duşman bolan bizede duşmandyr” diýmegi hakyky dostlugy-doganlygyň alamatydyr. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Nursultan Nazarbaýewe “Türk dünýäsiniň ýaşulysy” diýip ýüzlenýär. Ony Nazarbaýewiň saparynda Erdoganyň şu beýanatynda hem görüpdik: “Hormatly Prezident Türk dünýäsiniň ýaşulysy ýagdaýyndadyr. Hormatly Nazarbaýewiň ýola goýan akylly we deňagramly syýasaty saýasynda Gazagystan şu günki günde sebitiň we dünýäniň abraýlanýan bir aktýory ýagdaýyna geldi. Umumy dil, taryh we medeniýeti paýlaşan doganlyk ýurt Gazagystan garaşsyzlygyndan soň syýasy durnuklylygyny güýçlendirdi we ýokary ykdysady galkynyşy durmuşa geçirdi” diýdi.

      Birnaçe aý ozal Gazagystana guran saparymda Gazagystandaky üýtgeşiklikleri we özgerlişikleri görmegime pursat boldy. Nazarbaýew häzirki döwri we zamanyň ruhuny örän gowy aňýan lider. Şol çäkde Nazarbaýewiň krillisadan latyn elipbiýine geçilmek baradaky buýrugy örän möhüm bir karar. Nazarbaýew 2025-nji ýyla çenli ähli kitaplaryň, žurnallaryň we resminamalaryň latyn elipbiýinde çap edilmäge başlanmalydygyny belledi. Bu karar Türk dünýäsinde dil we elipbiý birligi üçin örän wajyp we strategik bir göçüm. Nursultan Nazarbaýewiň dünýägaraýşy we strategiýasy bilen emele gelen “Gazak nusgasy” türki halklaryň medeniýetinden gözbaş alýar we asudalyk we ykdysady ösüşe iterýär. Gazagystanyň maksady dünýäniň iň ösen 30 ýurdyň hataryna goşulmak. Gazagystanyň Nazarbaýewiň ýolbaşçylygynda tutanýerli ýörişini dowam etdirjekdigine ynanýaryn. Şu günki gün Nursultan Nazarbaýew we R.T. Erdogan ýaly liderleriň barlygy hem iki ýurt taýdan hem-de Türk dünýäsi taýdan uly mümkinçilikdir. 



Degişli Habarlar