Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkmenistandan. BMG Türkmenistanda täze ofis açar.

Orta Aziýa ýurtlaryna sapar guran BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen duşuşykda Aral kölüniň häzirki şertlerine laýyklykda “howa çalşygy we daşky gurşawyň goralmagy” barada pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň höhümeti we BMG durnukly ösüş üçin bilelikde “Ofis” açmagyň üstünde işleýär.

Türkmenistanyň Lideri Berdimuhamedow; açylmagy meýilleşdirilýän ofisin Türkmenistanyň we BMG-niň daşky gurşawyň goralmagy we howa çalşygy uğurlarynda alyp barjak işlerini meýilleşdirip, durmuşa geçirjekdigini aýtdy.

40 ozal başlan ekerançylyk syýasatlarynyň netijesinde Aral kölüne guýýan Amyderýanyň we Syrderýanyň suwy Arala gelip ýetmän gutarýardy. 40 ýyl ozalkysyna görä suwy 90 göterim azalan we çöle öwrülme howpuna sezewar bolan Araly halas etmek üçin kabul edilen birnäçe karar we döredilen gazna bar. Aral deňizini halas etmek baradaky Halkara gaznasyna 2017-2019-njy ýyllaryň aralygynda Türkmenistan başlyklyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow Aral köli meselesine uly ähmiýet berýär. BMG-niň Baş sekretary duşuşykdan soň berilen bilelikdäki beýannamada meseläni gün tertibine getirdi. Aral kölüniň deltasyndaki maksatnamanyň üç tapgyrynyň tamamlanandygyny nygtan Berdimuhamedow, çylşyrymly we giň gerimli işe halkara nukdaýnazaryndan çemeleşilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň hökümetiniň sebitde ekologik şertleriň gowulanmagy we durnuklylygy üçin BMG tarapyndan ýörite maksatnamanyň taýarlanmagy üçin başlangyçlarynyn bardygyny aýdan Berdimuhamedow; BMG-niň Ykdysady we sosial geňeşiniň BMG-niň 72-nji sessiýasynyň çäginde meseläni seljermegini teklip etdi.

 

Nobatda Azerbaýjandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Türkiýäniň Gury ýer goşunlarynyň serkerdesi general Salih Zeki Çolak Azerbaýjanda saparda boldy.

Türkiýäniň Gury ýer goşunlarynyň serkerdesi general Salih Zeki Çolak Azerbaýjanyň Goranmak ministri general Zakir Hasanow bilen duşuşyk geçirdi.

Azerbaýjanyň Gornamak ministrliginden berilen beýanata görä duşuşykda söz sözlän Hasanow Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby gatnaşyklaryň hem ikitaraplaýyn ýagdaýda hem-de NATO-nyň çäginde alynyp barylýandygyny, harby, harby tehnika we harby tälim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hem özgerýändigini belledi.

General Çolak hem öz gezeginde Nahçiwanda iki ýurdyň Ýaragly güýçleri tarapyndan başladylan umumy harby türgenleşigiň örän wajypdygyny habar berdi. Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryha we ýakyn dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna daýanýandygyny aýdan Çolak Azerbaýjanyň Türkiýäniň möhüm bir hyzmatdaşydygyny mälim etdi.

Duşuşykda sebitdäki harby-syýasy ýagdaý, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi, tejribe çalşygy üçin hünärmen wekilleriniň ikitaraplaýyn saparlarynyň meýilleşdirilmegi, tapawutly goşunlaryň gatnaşmagynda umumy harby türgenleşikleriň geçirilmegi ýaly meseleler barada pikir alyşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda ministr Hasanow general Çolaka iki ýurdyň arasyndaky harby gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi üçin edýän tagallalary sebäpli “Harby hyzmatdaşlyk ugrunda hyzmat medalyny” gowşurdy.

 

Soňky habarymyz Özbegistandan. Özbegistan we Täjigistan serhet babatynda ylalaşyga geldiler.

Özbegistanyň we Täjigistanyň serhetleriň belli edilmegi we sebitde suw paýlanşygy babatynda hem ylalaşyk gazanandyklary habar berildi.

Russiýanyň möhüm gazetleriniň biri bolan Kommersant gazedinde çap edilen habarda Özbegistanyň Prezidenti Şewkat Mirzoýaýewiň tagallasy netijesinde soňky döwürde goňşy ýurt Täjigistan ilen gatnaşyklarda oňyn wakalaryň başdan geçirilýändigi bellenip, döwletleriň serhetleriniň kesgitlenmegi babatynda ylalaşyga gelinendigi mälim edildi.

        Yslam Kerimow zamanynda serhet näbelliligi we başga howpsyzlyk meseleler sebäpli Özbegistan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhetde minalar ýerleşdirilipdi.

Şonuň bilen birlikde Özbegistan bilen Täjigistanyň Merkezi Aziýa sebitiniň iň wajyp meseleleriniň biri bolan serhetaşa suw paýlanşygynda hem ylalaşygyň üstünde işlenýändigi habar berildi.

        Täjigistanyň energetika meselelerini çözgüde gowuşdyrjak we Wahş derýasynyň üstünde gurluşygy dowam edýän Ragun gidroelektrik desgasynyň Özbegistanyň derýanyň suwundan peýdalanmagyny azaltmagyna garaşylýar.

Kommersant gazediniň habarynda bu iki ýurdyň serhetaşa suw paýlanşygy meselesinde ylalaşyk gazanmaklary üçin BMG-nyň gözegçiliginde ýola goýuljak Aral köli ylalaşyga goldaw berjekdigi mälim edildi. Mesele bilen baglanşykly Özbegistanyň parlamendiniň aşakgy ganadynyň başlygy Boriý Alihanow podrobno.uz saýtyna beýanat berdi.

        Alihanow: “Taslama BMG-nyň gözegçiligi astynda alynyp barylýar. Ylalaşyk sebitde suw çeşmeleriniň dolanşygynyň özgerdilmegini, daşky gurşawy goramagyny we Aral kölüniň ekosistemasyny gowulaşdyrmagyny öz düzüminde jemleýär” diýdi.



Degişli Habarlar