Aktual Analiz

Dünýäniň ileri tutulýan meseleleri

Aktual Analiz

BMG-nyň Azyk we oba-hojalyk bölüminiň we Bütindünýä Azyk programasynyň 2016-njy ýyldaky hasabatyna görä dünýä ilatynyň 11 göterimi ýeterlik derejede iýmitlenenok we açlyk içinde ýaşaýar. Ýagny 800 million adam açlyk bilen ýüz-ýüze.

Öňümizdäki aýlarda 2017-nji ýylyň hasabaty mälim ediler. Nobatdaky hasabatda şol derejäniň azalmagyny dileg edýärin.

BMG-nyň hasabatyna görä ýer şarynda ýaşaýan her 5 adamyň 1-i gowy dolandyrylmaýan, krizisler tarapyndan islendik pursatda zamun alynyp bilinjek ýurtlarda ýaşaýar.

Üýtgeýän klimat şertleri sebäpli emele gelýän tebigy apatlar we täze gurakçylyk tolkunlary bu derejäniň artmagyna sebäp boljakdygyndan gorkulýar.

Bu elhenç dereje bilen birlikde indi bolsa ýüz milliardlarça dollaryň howada uçýan başga bir tablisa ser salalyň:

Geçen birnäçe aý ozal Saud Arabystany bilen Kataryň arasynda krizis başlady. Sebitiň ýurtlaryna her dürli erbet hereketler etmäge synanyşýan BAE bolsa şol krizisiň esasy aktýorlarynyň biridi. Başdan geçirilen krizisden 10 gün soň Saud Arabystanynyň ABŞ bilen takmynan 110 milliard dollarlyk täze ýarag satyn almak şertnamasyna gol çekişilendigi mälim boldy.

Şol şertnamadan birnäçe wagt soň krizisiň garşy tarapynda bolan Kataryň hem ABŞ bilen 11 milliard dollarlyk ýarag satyn alynmagy bilen bagly şertnama baglaşandygy habar berildi. Krizisiň bir tarapynda bolan Pars aýlagynyň beýleki käbir kiçi ýurtlarynyň hem 200 milliard dollarlyk ýarag satyn almagy bilen bagly şertnama baglaşandygy bellendi. Ana şondan soň ýüze çykan krizisiň güýçli ýeli peseldi we häzirki wagtda hiç zat ýok ýaly her tarap öz işi bilen bolup ýör.

Dünýä Pars aýlagy krizisinden halas boldy diýilen wagty bolsa, birden-bire Demirgazyk Koreýanyň ballistik we materigara raketalary synagdan geçirendigi baradaky habarlar dünýä metbugatynda öz ýerini almaga başlady. Barak Obama döwrüniň soňky aýlarynda başlaýan Koreýa krizisi birden has hem dartgynalşdy, bu ýurdyň lideri Kim Çen Yn bilen baglanşykly habarlar çap edilmäge başlady. We çap edilen habarlaryň ählisinde şu portret görkezilmäge başlandy: Haçan, näme etjekdigi bilinenok. Her gün täze ballistik raketa synagyny geçirýär.

We bu adamyň diňe töweregindäki ýurtlara däl, eýsem bütin dünýä howp abandyrýandygy düşünjesi orta atylmaga başlandy. Kim Çen Ynyň her hepde täze raketa synaglaryny geçirýändigi baradaky habarlar çap edilmäge başlandy. Müňlerçe kilometr uzaklykdaky Guam adasyny raketa bilen ýok etjekdigi, Ýaponiýanyň howa goranyş ulgamyndan geçip, bu ýurdyň üstünden ýadro boýegolwkaly raketa uçurandygy baradaky ençeme habarlar metbugatyň gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boldy.

Ondan soň bolsa Demirgazyk Koreýa garşy ýurtlaryň özlerini goramak maksady bilen täze goranyş ulgamlary üçin on milliardlarça dollarlyk şertnamalara gol çekişendikleri mälim boldy.

Işiň gülkünç tarapy bolsa ABŞ-nyň Ýaponiýa ýerleşdiren meşhur THAAD howa goranyş ulgamynyň Kim Çen Ynyň raketalaryny tutmagy aňarda dursyn, iň bärkisi radarlary arkaly anyklamandygy ýüze çykdy.

Şeýlelik bilen täze goranyş ulgamlaryň satyn alynmagy we satylmagy gün tertibe geldi. Uzak Gündogaryň bu sebitinde başdan geçirilýän krizis ýene-de ýüz milliardlarça dollarlyk ýarag satmak ylalaşyklaryň baglaşylmagyny sebäp boldy. Diňe şonuň bilen başdan sowulsada gowy bolardy welin...

Sebitde 300-müňe golaý harby güýji bolan ABŞ ol ýerdäki bazalaryny we güýçlerini güýçlendirmäge başlady.

ABŞ-nyň 9 serkerdelikleriniň biri hem Ýuwaş okean ýagny PACOM serkerdeligidir. Merkezi Gawaýide ýerleşýän serkerdelik Pentagonyň býujetinden iň köp pul alýan serkerdelikdir. Bu serkerdeligiň iň uly aýratynlygy bolsa agyr enjamlaşdyrylan serkerdelik bolmagydyr. PACOM-yň 375 müň esgeri, 200 sany harby gämisi, deňiz asty gämileri we 1 müň töwerek harby uçary bar. Demirgazyk Krizisnden ozal ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama bu goşuny Hytaýyň töweregini gabamak üçin ol ýerleri tehnologiýa we ok-däri ammaryna öwürdi. Emma Hytaý ABŞ-nyň bu duzagyna girmedi we harby güýç üýşürmedi. ABŞ bilen ykdysady ugurda bäsdeşligini dowam etdirmek üçin iň möhüm liniýalarynyň biri bolan Ýüpek ýoly taslamasyny arakesmesiz dowam etdirdi.

ABŞ soňky döwrebap tehnologiýalarynyň biri bolan 5-nji nesil F-35 uçarlaryny Ýaponiýa, Çal Bürgüt diýip atlandyrylýan ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny bolsa şol serkerdeligiň hyzmatynda Günorta Koreýa ýerleşdirdi. Ýadro ýaraglary bolan deňiz asty gämiler bilen birlikde 5-nji nesil harby uçarlarynyň biri bolan F-22-leri hem şol sebite gönükdirdi. Mundan başgada 75 müň esgerini Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýerleşdirdi.

Soň näme boldy diýip soraýarsyňyzmy? Eýrandan Hindistana çenli we Ýuwaş okeandaky ençeme ada döwletler ABŞ-nyň we Russiýanyň ýarag kärhanalarynyň gapylaryny kakdylar. Ýene-de ýüz milliardlarça dollarlyk ýarag satuw şertnamalary baglaşyldy.

Bütin dünýä geçen ýyl örän gerek bolmadyk zatlara sowan puly 1,1 trillion dollara barabar boldy. Her ýyl dünýä ilatynyň ählisine ýetjek derejede azyk öndürilýär. Gynansagam azyklaryň aglaba bölegi ysryp edilip, zir-zibile zyňylýar. 1,3 milliard tonna azyk bolsa maliýe, tehniki serhetler we azyk önümleriň goralmazlygy sebäpli ýok bolýar. Diňe ABŞ-da zir-zibile zyňylýan azygyň mukdary 222 million tonna. Bu mukdar bilen bütin Afrikany doýuryp bolýar.

Beýleki tarapdan bolsa tebigaty we azon gatlagyny zaýalaýan kosmetiki harytlara berýän on milliardlarça dollarlar ýadymyzdan çykarmalyň.

Şu ýyl Koreýa we Pars aýlagy krizisi bahanasy bilen ýaraglara berilen pul bilen açlyk çekýän ýirtlara we adamlara 10 ýyllyk azyklaryny alyp bolardy. Tebigy apatlardan we klimat çalşygyndan ozal biz adamlar öz soňumyzy getireris diýip pikir edýärin.

 


Etiketkalar: raketa , tebigy apat , klimat , şertnama , ýarag , BMG

Degişli Habarlar