Türk Daşary Syýasatyna Syn

Prezidenti R.T.Erdoganyň Afrika ýurtlaryna guran sapary

Türk Daşary Syýasatyna Syn

 

 

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan 2017-nji ýylyň soňky günlerinde Afrikada üç ýurda resmi sapar gurady. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Prezident Erdoganyň Afrika ýurtlaryna saparyny we onuň türk daşary syýasatyndaky beýanyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-27-si aralygynda Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Sudana, Çada we Tunise resmi sapar gurady. Saparyň maksady Türkiýäniň Afrika başlangyjyny çuňlaşdyrmak we üç ýurt bilen ähli taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek. Erdoganyň sapary Sudandan başlady. Sudan Afrikanyň geljegi parlak ýurtlaryndan biri. 20 ýyla golaý wagt bäri ykdysady we syýasy embargonyň astyna ýaşaýar. Golaýda embargonyň aýrylmagy baradaky kararyň kabul edilmegi uly firmalaryň Sudana ýaňadandan dolanmagyna sebäp boldy.

Erdoganyň 200-e golaý işewür adamy bilen Sudana guran sapary umytlary oýandyrdy. Saparda iki ýurduň degişli ministrleri tarapyndan birnäçe ugurda 13 ylalaşyga gol çekişildi. Sudanyň halky Türkiýä we Erdogana bolan söýgüsini türk baýdaklary bilen köçelere çykmak arkaly görkezdi.

Erdogan Sudanda Türk imeratorlygy döwründe Afrikanyň esasy port şäherlerinden biri bolan Sawakin adasyna hem baryp gördi. Adada Türk İş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Agentligi TIKA tarapyndan alynyp barylýan abatlaýyş işleri bilen tanyş boldy. Erdogan Sudanyň Prezidenti Omar Al Başirden adanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin belli bir möhlet üçin Türkiýä berilmegini isledi. Omar Al Başir Erdoganyň islegini kabul etdi. Adanyň Türkiýä 49 ýa-da 99 ýyllygyna berilmegi gün tertibinde.

Sawakin Müsürde we Siriýada höküm süren Türk döwletiniň Gyzyl deňiziň kenaryndaky esasy söwda portlaryndan biridi. 15-nji asyryň ahyrlaryndan başlap deňizlerde güýçli bolan Portugaliýa Afrikanyň gündogar we günbatar kenarlaryndaky musulman soltanlyklara hüjüm edip, köp sanly ýeri ýykyp-ýumurdy we sebitde hökmürowan boldy. 1513-nji ýylda Sewakin portgullaryň eline geçýär. Ýawuz Soltan Selim döwründe Siriýany we Müsüri alan Türk imperiýasy Gyzyl deňizde hökmürowanlygyny ýola goýýar hem-de Afrikanyň gündogarynda köp sanly ýeri portugallaryň elinden halas edýär.

Türkiýe ilkinji nobatda TIKA arkaly Sewakindäki taryhy ýadygärlikleri ýüze çykarar. Sebitde söwda we syýahatçylyk öser. Türkiýe bu şertlerde Sudan bilen etjek hyzmatdaşlygynyň netijesinde Gyzyl deňizde we sebitde howpsyzlygyny üpjün ediji çäreleriň görülmegi sepgidine ýetirip biler. Şeýlelikde Türkiýe ýakyn geljekde Somalide, Ýemende parahatçylyga goşant goşar.

Erdogan Sudandan soň işewürler topary bilen Çadyň paýtagty Njamena bardy.  Türkiýe bilen Çadyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň taryhy 16-njy asyra çenli uzap gidýär. Soňky döwürde Türkiýe-Çad gatnaşyklary ösýär. Çadyň şol döwürdäki Premýer ministri Kalzeube Paýimi Deubet 2014-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-de Türkiýede saparda bolupdy. Şol saparyň dowamynda dürli ylalaşyklara gol goýulypdy. Çad saparynda Türkiýäniň Prezidentiniň wekiliýetinde Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar hem bardy. Soňky ýyllarda sebitde terrorçylyga garşy göreşde işjeň göreşýän Çada guralan sapar aýratyn uly ähmiýete eýe. Saparyň dowamynda geçirilen Işewürler Maslahaty bilen gol çekişilen ylalaşyklar hem özara gatnaşyklaryň depginini güýçlendirer.

Türkiýe-Tunis gatnaşyklary düýpli taryhy we medeni geçmişe esaslanýar. Iki ýurduň arasynda yzgiderli we birsydyrgyn häsýetde ýokary derejeli saparlar guralýar. Ähli ugurda geňeşmeler we duşuşyklar geçirilýär. Tunisde 300 ýyldan gowrak dowam eden Türk imperiýasy Tunisiň halkynda Türkiýä duýulýan ýakynlygyň özenini emele getirýär.

Tunisiň hökümet başlygy Hammadi Jebali 2012-nji ýylyň dekabr aýynda Türkiýä guran saparynyň dowamynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk genşiniň döredilmegi baradaky Bilelikdäki syýasy jarnama gol goýupdy. Prezident Erdogan 2013-nji ýylyň iýun aýynyň 5-6-sy aralygynda Tunise guran saparynyň dowamynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Dürli ugurlarda 21 ylalaşyga we iş meýilnamasy bilen 24 sany doganlyk şäher teswirnamasyna gol goýuldy. 2017-nji ýylyň ahyrynda guralan bu sapar hem özara gatnaşyklaryň ösmegi taýdan iňňän möhüm ähmiýete eýe.

Mundan 10 ýyl ozal Türkiýäniň Afrika syýasaty barada dürli şübheler bardy. Şu günki günde şol şübheler ortadan aýrylana meňzeýär. Türkiýe indi Afrikada güýçli pozisiýa eýeleýär. Türkiýäniň Afrikada alyp barýan işleri syýasy, medeni, strategik, harby we ykdysady taýdan innän möhüm. Afrikada Türkiýä bolan gyzyklanma haýsydyr bir Ýewropa ýurduna ýa-da musulman ýurduna görkezilmeýär. Erdoganyň sebitdäki ýurtlaryň liderleri bilen geçiren duşuşyklarynda beýan edýän “Afrika üçin afrikaly çözgütler” pelsepesi sebitde düýpli beýan tapýar.

Prezident Erdoganyň soňky Afrika sapary bilen bilelikde sapar guran Afrika ýurdunyň sany 28-e barabar boldy. Şol çakde Afrikada 32 ýurtda 51 şähere sapar guraýan Türk Howaýollary, altydan gowrak ýurtda iş alyp barýan Türk Magaryf gaznasy we birnäçe ýurtda wekilhanasy bolan TIKA hem-de beýleki türk jemgyýetçilik guramalary möhüm işleri durmuşa geçirýär. Şeýlelikde Türkiýäniň ýerleşýän sebiti, syýasy, ykdysady we strategik potensialy Afrika ýurtlary taýdan hem uly pursat döredýär.



Degişli Habarlar