Global Perspektiwa 02

Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 02

 

 

Arakan ýa-da Rohingiýa musulmanlary barada belkem ýakyn wagta çenli köpümiz eşitmändik. 2017-nji ýylyň 25-nji awgustyndan soň Mýanmadaky zulumdan gaçyp, 500 müňden gowrak adam Bangladeşe sygynanda olaryň nähili agyr günleri başdan geçirýändigine göz ýetirdik.

Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Arakanyň nirede ýerleşýändigine göz ýetirmek üçin azajyk geografiýa ser salmak gerek. Arakan Mýanmanyň 7 welaýatyndan biri. Mýanma Taýland, Laos, Hytaý, Hindistan, Bangladeş we Bengal aýlagy bilen goňşy ýurt. Arakan bolsa Mýanmanyň kenarýakasynda uzap gidýän esasy strategik welaýaty…

Arakanda Bengal aýlagynda batan gämiden halas bolan musulman täjirler arkaly yslam dininiň ýaýrandygy rowaýat edilýär. Arakan musulmanlary hem Moro musulmanlary ýaly uzak ýyllar öz soltanlyklary astynda ýaşaýarlar. Günbataryň imperialist ýurtlarynyň syýasatlary seäpli 1885-nji ýylda iňlisler tarapyndan basylyp alynýarlar. Indeýleriň “Eger bir derýada iki baly uruşýan bolsa, bilip goýuň şol ýerden uzyn baldyrly iňlis geçendir” sözüni ýatladýan ýaly Mýanma 1948-nji ýylda garaşsyzlygyny alandan soň şertler hasam agyrlaşýar. 1962-nji ýylda häkimiýet başyna geçen general Ne Win şol wagta çenli Burma bolan ýurduň adyny Mýanma hökmünde üýtgedýär. Bir partiýaly respublika döwründe musulmanlary ýerleşen ýerlerinden sürgün etmek üçin dürli syýasat alynyp barylýar. 969 Hereketi atlandyurylýan radikal budistleriň wagşy hüjümleri hem ýatdan çykarylmaly däl.

Uzak onlarça ýyllaryň soňunda ýetilen sepgit pajyga, göz ýaşy, sürgün, gan, Arakan.

Arakan meselesine ünsleri çekmek üçin Ýewropa Rohingiýalylary Geňeşiniň başlygy we Daşary işler ministriniň orunbasarynyň kömekçisi Ümit Ýardymyň gatnaşmagynda Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetinde ylmy maslahat geçiripdik. Gollandiýadan gelen myhmanymyz iki adamyň adyny agzapdy. Lo Jo we Muhammed Hubaýb. Näme üçin diýenimizde şertler aýan bolupdy. Mýanmada diskirminizme sezewar bolmazlyk üçin hemmeler hakyky adyndan daşgary Mýanma adyny ulanmaga mejburmyş. Biz ony 1980-nji ýyllarda Bolgariýanyň türklere eden basyşyndan, hat-da mazar daşlaryny üýtgeden döwründen bäri bilýäris.

Hawa, dert agyr, gam-gussa agyr. Emma dem alyp- berýäň bolsak, umyt bar diýmek. Şol sebäpli çözgütler barada-da durup geçmek gerek.

  1. Mýanma üçin halkara basyşyny emele getirmek. Haýsydyr bir ýerde hak-hukukdan, adalatdan däl, eýsem basyşdan, zoraýaklykdan söz edilýän bolsa, şeýle diýdimzorlar diňe güýç bilen saklanar. Şol sebäpli Halkara jemgyýetçiliginiň Mýanma edýän basyşyny hasam güýçlendirmek üçin ýol tapylmaly. Ony esasan döwletler we halkara guramalary amala aşyryp biler.
  2. Halkara çözgüt topary: Ukrainadaky Minsk topary ýaly meseläniň çözülmegi üçin halkara topary döredilmeli. Biz Hindistanyň we Hytaýyň ol ýerde çözgüdiň däl, eýsem meseläniň bir bölegini emele getirýändigini bilýäris. Ýene-de mümkin gadar olary hem işiň içine goşmak peýdaly bolar. Şol çözgüt topary arakanlylaryň sag-aman ýurtlaryna dolanyp barmaklaryny ýola goýmak we howpsyz ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekden jogapkär bolmaly.
  3. Arakandaky zulumy, basyşy we basgylamalary halkaralaşdyrmak. Arakanlylaryň Siriýadaky kürtler ýaly henize çenli resmi dokumentleri ýok. Resmi hukuk derejesi bolmandygy üçin bilim, saglyk ýaly başlangyç hukuklarynyň çözgüdi hem mümkin däl. Bütin dünýäden jemgyýetçilik guramalary, meýletin guramalar ýerleşýän ýurtlarynda ýa-da halkara platformalarynda şeýle basyşlary gün tertibine getirip bilerler. Basyş edýän döwlet ýa-da harby goşunyň ýolbaşçylaryna garşy gozgaljak jenaýat işleri netije çykmasa hem täsirli bolar.
  4. Bangladeşe kömek bermek. Onsuz hem agyr şertleri başdan geçirýän Bangladeş ýüzlerçe müň adama goldaw berilmegi üçin ýalňyz goýulmaly däl.
  5. Strategik barlaglar guramalaryny iler tutmak. Mýanma zulumynda bolşy ýaly nirede gumanitar pajyga bar bolsa Türkiýe AFAD, Ýarym Gyzylaý, TIKA, IHH we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ähli goldawy berýär. Emma diňe bir ynsanperwer kömegine gönükmek ýeterlik däl. Strategik çözgütler taýarlaýan merkezler, umumy däl eýsem hususy strategik guramalary hem iňňän möhüm.
  6. Türkiýäniň öňbaşçylyk edýän hemişelik halkara toparyny döretmek.
  7. Global düşünje emele getirmek. Arakan meselesi hem Iýerusalim meselesi ýaly diňe bir musulmanlara degişli mesele däl. Şeýle meselelerde halkara garaýyş emele getirmek iňnän möhüm. Şol jähtden Emine Erdoganyň sapary iňňän manylydy. Dünýäniň niresinde bolsa bolsun, okyjylarymyza global düşünje üçin işjeň tagalla edip bilerler.

Käte bir zat üýtgeýär, köp zat üýtgeýär. Durmaň, gam-gussany bölüş. Geljege gorky bilen däl, umyt bilen seretsin arakanly çagalar…

Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: basyş etmek , musulman , Mýanma , zulum

Degişli Habarlar