Türkiýäniň daşary syýasatyna syn 09

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar

Türkiýäniň daşary syýasatyna syn 09

 

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 26-ýyl ozal ýola goýuldy. Iki taraply gatnaşyklar ähli taraplaýyn pugtalanmak bilen dowam edýär. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgari Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

1992-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda 26 ýyl ozal Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada şertnama baglaşyldy. Türkiýe Respublikasy 1991-nji ýylyň 30-njy awgustynda garaşsyzlygyny yglan eden Azerbaýjan Respublikasyny 1991-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ykrar eden ilkinji döwletlerden boldy. 2010-njy ýylda bolsa Strategik hyzmatdaşlyk we Özara arkalaşyk şertnamasy baglaşyldy. Şol şertnama laýyklykda iki taraply gatnaşyklar harby hyzmatdaşlyk derejesine göterildi.

Iki taraply gatnaşyklaryň has-da güýçlendirilmegi maksady bilen 2010-njy ýylda Prezidentler derejesinde Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşi mehanizmi döredildi. Şeýlelikde harby, syýasy we energetika pudagy bilen birlikde beýleki ugurlardaky gatnaşyklar iň ýokary derejä göterildi.

Strategik hyzmatdaşlyk we Özara arkalaşyk şertnamasynyň 7-nji maddasynyň çäginde iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasynda utgaşyklyk komissiýasy döredilýär. Şertnama laýyklykda soňky birnäçe ýyldan bäri hem Türkiýe bilen Azerbaýjan birlikde harby türgenleşikler geçirýär. Şol türgenleşiklerde iki ýurduň harby güýçleriniň eýe bolan mümkinçiliklerini görýaris.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyga Türk goranyş senagaty hem güýçli goldaw berýär. Türkiýede öndürilýän ÇNRA raketa ulgamlary Azerbaýjan eksport edilýär. Sakarýa we Kasyrga ulgamlarynyň Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň güýjüne güýç goşýandygyny 2016-njy ýylyň aprel aýynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda bolan çaknyşyklarda gördük.

Azerbaýjan üçin Nahçywana ornaşdyrlan harby topar diýseň möhüm. Türk ýaragly güýçleriniň 3-nji goşuny şol harby topara harby taýdan tälim berýär we logistiki goldaw berýär. 2017-nji ýylyň iýun aýynda 5 müň esgeriň gatnaşmagynda geçirlen Türkiýe-Azerbaýjan bilelikdäki Nahçywan türgenleşigi hem bu ugurda diýseň möhüm wakady.

Hazar deňziniň energetika çeşmeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini göz öňünde tutýan “Baku-Tiblisi-Jeýhan çig nebit turba geçirijisi we Baku-Tiblisi-Erzurum tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda doganlykdan strategik hyzmatdaşlyga tarap barýan ýoldaky aýgytly ädimlerden biridir.

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 5 milliard dollara golaý. Iki ýurt söwda mukdaryny 2023-nji ýyla çenli 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

Halkara taslama ýagdaýyna gelen TANAP-yň ýagny Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň gurluşygy hem güýçli depginde dowam edýär.

TANAP taslamasynyň doly durmuşa geçirilmegi bilen birlikde Azerbaýjan bilen Türkiýe sebitde strategiýa taýdan esasy orun eýelär.

Özara bähbide we arkalaşyga esaslanýan Azerbaýjan-Türkiýe gatnaşyklary halkara platformalarda hem dowam edýär. Iki döwlet hem BMG-nyň, Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ýewropa geňeşiniň Garadeňiz ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Türk geňeşiniň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy hökmünde ýakyn hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirýär.

Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagyny maksat edinýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar haýsydyr bir ýurda wehim salmaýar. Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary “strategik hyzmatdaşlyk” adalgasyny dolulygyna öz içine alýar. İki ýurduň arasynda 26 ýyl ýaly gysga wagtda ýetilen sepgit baky doganlyk gatnaşyklarynyň görkezijisidir.

1921-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Azerbaýjanyň Ankaradaky wekili hökmünde İbrahim Abilowyň ynanç hatyny hödürlän maslahatynda Mustafa Kemal Atatürkiň aýdan; “Azerbaýjanyň begenji biziň begenjimiz, gynanjy hem biziň gynanjymyz” diýen sözleri onlarça ýyl soň Haýdar Aliýew tarapyndan “Biz bir millet, iki döwlet” sözü bilen dowam etdi.

Döwrümizde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar Türkiýe Respulikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti İlham Aliýewiň edýän tagallasy we tutanýerli tutumy netijesinde pajarlap ösmäge dowam eder.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgari Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar