Aktual Analiz 11

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çaginde Afriniň Türkiýe bilen serhetdeş bolan ýerleri ÝPG terrorçylaryndan saplandy

Aktual Analiz 11

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çaginde Afriniň Türkiýe bilen serhetdeş bolan ýerleri ÝPG terrorçylaryndan saplandy we soňky bir hepdäniň dowamynda Jinderes, Rajo, Şeýh Hadid we Şaran ýaly ilatly ýerler terrorçylardan alyndy. Türkiýäniň serhetýakasyny saplamagyndan soň ÝPG terrorçylarynyň top we gysga aralyga atylýan raketalar bilen Türkiýä hüjüm guramagynyň öňi alynyp, Türkiýäniň milli howpsyzlygy taýdan möhüm netije alyndy. Şeýlelikde Afrin etrabyndan Reýhanly etrabyna we Kilis şäherine guralýan hüjümler hem kesildi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Serhet zolagynyň gözegçilik astyna alynmagyndan soň ÝPG/PKK-nyň Amanos daglaryna geçme ähtimallygy hem ortadan aýryldy. Mälim bolşy ýaly ÝPG/PKK Afrinden Hataý welaýatyna tarap Amanos daglarynyň üstaşyr ýarag hem-de terrorçy ugradýardy. Şeýlelikde Türkiýede ABŞ-nyň ÝPG-ä beren köp sanly ýarag ulgamlary ele salyndy. Emma Türkiýäniň milli howpsyzlygy taýdan diňe bir serhet howpsyzlygy däl, şol bir wagtda PKK-niň pul we adam serişdeleri hem elinden alynmaly. Türkiýe öz serhetýakasynda uzap gidýän terror gurşagyna ýol bermejekdigini “Zeýtun Şahajygy” we “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen görkezdi.

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çäginde Afrin gurşaw astyna alyndy. Emma Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny entek şähere hüjüme başlamadylar. ÝPG terrorçylary asuda ilaty galkan hökmünde ulanmaga synanşýar we asuda ilatyň şäher merkezinden çykmagynyň öňüni alýar. Şeýlelikde türk uçarmansyz howa ulaglarynyň alan wideo ýazgylary ulaglar bilen Afrinden gitmäge synanşýan asuda ilatyň ÝPG terrorçylary tarapyndan saklanandygyny görkezýär. Afrindäki asuda ilat şäherden çykyp Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny tarapyndan terrorçylardan saplanan ýerlere gaçmak isleýär. Emma ÝPG/PKK onuň öňüni alýar. Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşýändigi sebäpli Afriniň şäher merkezine guraljak operasiýa giç başlap biler.

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasy dowam edýärkä Türkiýe günorta serhediniň terrordan saplamak üçin täze taýarlyklar görýär. Bir tarapdan ABŞ bilen Ýefrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän Munbiç boýunça gepleşik alyp barýan Türkiýe, beýleki tarapdan Yrakdaky terror toparlary boýunça Yragyň merkezi hökümeti bilen gepleşikler geçirýär.

ABŞ Munbiçi ÝPG-niň häkimiýeti astyndaky Siriýanyň demokratik güýçleri bilen alan wagty Türkiýä şäheriň DAIŞ-den alynmagyndan soň ÝPG terrorçylarynyň Ýefrat derýasynyň gündogaryna çekiljekdigi we Munbiçe araplar tarapyndan gözegçilik ediljekdigine söz beripdi. Türkiýe ABŞ-nyň şol teklibini sebitiň DAIŞ-den saplanmagy üçin kabul edipdi. Şeýlelikde Munbiç operasiýasyndan soň ýokary derejeli amerikaly resmiler ÝPG-niň sebitden çykandygyny beýan edipdi. Emma onuň hakykaty beýan etmeýändigi Türkiýe tarapyndan mälim edildi. “Ýefrat Galkany” operasiýasynyň dowamynda ÝPG terrorçylarynyň  Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşunyna hüjüm etmeginden soň ABŞ-nyň beýannamasynyň nädogrudygy subut edildi. Türkiýe “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyndan soň Munbiçi hem ÝPG terrorçylaryndan saplamakçy.

Türkiýäniň egilşiksiz pozisiýasyndan soň ABŞ bilen ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi we işjeň toparyň döredilmegi barada ylalaşyldy. Işjeň toparlarda ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda bar bolan düşnüşmezlikleriň nähili çözüljekdigi ara alynyp maslahatlaşar hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda başlangyçlar ediler. Munbiç boýunça bolsa ÝPG-niň sebitden çyklarylmagy we Türk hem-de Amerikan esgerleriniň bilelikdäki goşunynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Şuňa laýyklykda türk we amerikan esgerleri Munbiçde howpsyzlygy bilelikde üpjün ederler. Türkiýe “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyndan soň Munbiçe operasiýa gurama ähtimallygynyň ýany bilen Amerikan bilen ylalaşmak isleýär. ABŞ üçin bolsa Türkiýe bilen ylalaşyp, Munbiç üçin çözgüt tapylmagy we sebitiň terror güýçlerinden saplanmagy has ýerlikli bolar. Şeýlelikde Türkiýe gymmaty näçe bolsa bolsun, Munbiçiň terrordan saplanmagy möhüm.

Yrakdaky terror toparlary üçin bolsa Yragyň merkezi hökümeti bilen bilelikde operasiýa guralmak isleýär. Operasiýanyň Yrakdaky saýlawdan soň guralmagyna garaşylýar. Türk ýaragly güýçleriniň şol bir wagtda iki frontda söweşme ukybynyň bardygy üçin “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy gutarmasa hem harby taýdan Türkiýäniň şeýle ukyby bar. PKK-nyň Yrakdaky pozisiýalary Duhok, Zagros we Kandil ugrunda ýerleşýär. Emma Siriýada bolşy ýaly PKK, DAIŞ-iň ýüze çykmagyndan peýdalanyp häkimiýet we operasiýa sferasyny giňeltdi. Yragyň Sinjar etrabynda we Sinjar dagynda ornaşýan PKK şol bir wagtda sebitden Yrak bilen Siriýanyň arasynda arabaglanşyk hökmünde hem peýdalanýar.

Türkiýe düzen täze konsepsiýasy bilen terrorçylyga garşy göreşi öz çäklerinde goranyş bilen däl, serhetaşa harby operasiýalary amala aşyryp, terrory gözbaşynda ýok edýär. DAIŞ-iň “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen Siriýanyň Jarablus, Dabyg we Al Bab etraplaryndan saplanmagyndan soň terror guramasynyň Türkiýedäki hüjümleri azaldy. Hat-da gutarandygyny hem aýdyp bileris. Şeýle-de “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyndan soň Yrak we Munbiç ÝPG terrorçylaryndan saplanandan soň Türkiýäniň içinde guralýan terror aksiýalary azalar. Türkiýe aslyna seredilende serhetaşa operasiýalar bilen diňe bir öz milli howpsyzlygyny däl, şol bir wagtda goňşy ýurtlaryň hem milli howpsyzlygyny goraýar we bütin dünýäni terror howpundan goraýar.



Degişli Habarlar