Global Perspektiwa 13 Amerikadaky Mekdeplerde Bolýan Jenaýatlar

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 13  Amerikadaky Mekdeplerde Bolýan Jenaýatlar

Amerikadaky Mekdeplerde Bolýan Jenaýatlar

meselä has giňden ser salmak isleýärin.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Amerikadaky Mekdeplerde Bolýan Jenaýatlar

Şu günlerde Amerikan şäherlerinde başlap, köp sanly şäherde dowam edýän bir ýöriş, bir hereket golaýda tolkunlaýyn görnüşde bütin dünýäni gurşap aljaga meňzeýär. Ýörişiň, ýada-da hereketiň ady: “Durmuşymyz üçin ýöre”. Amerikan mekdeplerindäki jenaýatlara garşy reaksiýa hökmünde şenbe güni Waşington şäherinde geçirilen mitinge esasy bölegi ýaşlardan ybarat bolan 500 müň adam gatnaşdy. Başlangyç mekdep okuwçysynyň göterýän “men mekdebe fystyk şiresinem getirip bilemok. Ýok bolsun ýaraglar” ýazylgy karton hakykatdan hem diýseň täsir galdyryjy.

Mekdeplerdäki Jenaýatlar

ABŞ-daky mekdeplerde edilýän jenaýatlaryň sany günsaýyn artýar. Çagalar, maşgala agzalary, parasatly adamlar şol jenaýatlara reaksiýa bildirýärler we çäre görülmegi üçin ýörişler geçirýärler. Soňky gezek Floridada 2018-nji ýylyň fewral aýynda mekdeplerden birine guralan hüjümde 17 çaga/okuwçy öldürilipdi. 2012-nji ýylda Konnetikutdaky hüjümde 26, 2017-nji ýylda Wiržiniýadaky hüjümde bolsa 32 okuwçy öldürilipdi.

Amerikada her ýyl müňlerçe çaganyň ýaragly hüjümlerde öldürilýändigini, günde 5-19 arasy jenaýatyň bolýandygy baradaky maglumatlary internetden almak mümkin. Şol maglumatlarda ABŞ-daky mekdeplerdäki hüjümleriň dünýäniň beýleki ýerlerindäkiden iki esse ýokarydygy hem beýan edilýär.

Umumy Jenaýatlar

ABŞ-nyň mekdeplerindäki jenaýatlar aslyna seredilende ýurtda ýaýbaňlanan ýaragly hüjümleriň bir bölegi hökmünde kabul edilip bilner. Dört görnüşli ýaragly jenaýatlar bar: Ýaragly hüjüm we çaknyşyklar, ýaragly heläkçilikler, öz janyna kast etmeler, köpçülikleýin hüjümler. Häzirki wagtda ABŞ-da günde 92 adam ýaragly hüjüm sebäpli pida bolýar. 1970-nji ýyldan bäri 1,5 million adamyň ýaragly hüjüm sebäpli pida bolandygy beýan edilýär. Ol hem Amerikanyň uruşlarda çeken ýitgilerinden hem köp. 2017-nji ýylda Newadada 58 adam, 2016-njy ýylda Floridada 49 adam öldürilipdi.

Köpçülikleýin jenaýatlar esasan Amerikan jemgyýetiniň esasy böleginiň ýaragly bolmagy bilen düşündirilýär. Amerikalylar dünýäniň ilatynyň 4,4 göterimini emele getirýärler. Emma dünýädäki şahsy ýaraglaryň 42 göterimine eýe. Dünýädäki köpçülikleýin hüjümleriň 31 göterimi ABŞ-da guralýar. Amerikadan soň adam başyna düşýän ýarag sany taýdan Ýemen ikinji ýerde durýar.

Umumy Jenaýat Sany

ABŞ-da umumy jenaýat işleme sanlary hem dünýä ýurtlaryna görä diýseň ýokary. Federal barlag ofisiniň görkezijilerine görä ABŞ-da 2016-njy ýylda 1,195,704  jenaýat işlenipdir. 15,696 adam öldürilipdir. Şol jenaýatlaryň 71,5 göterimi gyzgyn ýaraglar bilen edilipdir. 2016-njy ýylda polisiň öldüren adamlarynyň sany bolsa 1,152. Dünýäde zorlama jenaýatynyň edilýän ýurtlarynyň sanawynda ABŞ birinji ýerde durýar. Ýurtda soňky bir ýylda 90,185 zorlama jenaýatynyň işlenendigi beýan edilýär. Zorlananlaryň 62 göteriminiň 18 ýaşyndan, 29 göteriminiň bolsa 11 ýaşyndan kiçidigi beýan edilýär.

Azatlyklara garşy jenaýatlarmy?

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri görmediksireýän hem bolsa bu jenaýat sanlary diýseň elhenç. Emma biz öz temamyza, mekdeplerde edilýän jenaýatlara dolanyp geleliň. Mekdeplerde edilýän we umumy jenaýatlar taýdan Amerikadaky diskusiýalara ser salynanda umuman konstitutsion ýarag göterme erkinligi bilen bagly. Ýarag göterme hukugynyň Amerikan konstitutsiýasynyň amerikalylara beren başlangyç we üýtgewsiz erkinliklerinden biri bolandygy beýan edilýär.

Amerika aňyrsy bärisi göz ýetmeýän sebit. Taryhy hem indeýler hem-de öz içinde berk çaknyşyklar bilen geçen ýurt. Şol sebäpli şeýle ýurtda ýarag göterme hukugy belli bir derejede ýerlikli diskusiýa bolup biler. Şonuň bilen birlikde diskusiýanyň diňe bir konstutsion erkinlikler taýdan ele alynmagy Amerikan jemgyýetine degişli bolmadyklar üçin beýle düşnükli däl. Sebäbi diskusiýanyň birnäçe ugry bar. Ýylda müňlerçe adamyň öldürilýän ýurdunda diskusiýany diňe bir konstitutsion erkinlikler taýdan seljermek salgymy kowalamakdan başga zat däl. Mundan başgada Amerikanyň Prezidenti Trampyňky ýaly geň teklipler hem bar. Tramp mugallymlary ýaraglandyrmagy teklip etdi. Şeýlelikde Floridada şeýle teklip ştatyň parlamentide kabul edildi. Mekdeplerde ýylda müňlerçe okuwçynyň öldürilýän, onsuz hem tas her bir raýaty ýaragly bolan ýurtda mugallymlary ýaraglandyrmak meseläni nähili çözerkä? Okuwçylaryň biri-birlerine we mekdebe hüjüm etmekleriniň öňüni almak üçin mugallymlara has gowy ýaraglar bermekçi bolýarmykalar? Eger şeýle bolsa okuwlar has güýçli ýaraglar edinseler, mugallymlara ýadro ýaragyny berermikäler? ABŞ halkara arenasynda käbir ýurtlara garşy yglan eden ýaragsyzlanma bäsleşigini ýurduň içinde mugallymlar bilen okuwçylaryň arasynda-da yglan edermikä? Düşüner ýaly däl.

Näme etmeli?

İspan ýazyjysy Ortega Kassetiň beýan edişi ýaly maddy swilizasiýa agyr mesele diýmeklikdir. Ösüş ulaldygy saýyn sezewar bolýan howpy hem ulalýar. Mekdep we umumy jenaýatlar diskusiýa azatlyklar ýa-da ýaraglaryň gadagan edilmegi taýdan ele alynmaly däl. Meseläniň bulardan daşgary başga faktorlary hem bar. Käbir jenaýatlarda ganhorlar näme etjekdiklerini, nähili etjekdiklerini sosial media arkaly aç-açan beýan edýärler. Şol çäkde tapawutly analizler geçirilmeli. Bu barada amerikaly ýazyjy Adam Lankfordyň garaýyşlary iňňän ýerlikli. Lankford köpçülikleýin jenaýatlary Amerikan ýarag medeniýetine we okuwçylara adatdan daşary güýje eýe bolandyklary, isleýän zatlarynyň ählisine eýe bolup biljekdikleri düşünjesiniň ornaşdyrylmagyna esaslandyrýar. Esasanda maşgalada kemala gelmedik, hossarsyz, özüni boşlukda duýýan ýaşlar döwrebap medeniýetiň meçew beriji şertlerinde özlerini şeýle subut etmäge mejbur duýýarlar.

Köp sanly ýurduň terrordan ýa-da başga ýurtlar bilen bolan söweşinden hem agyr ýitgiler bilen gutarýan ABŞ-daky köpçülikleýin jenaýatlar diňe bir ýaragsyzlanma ýa-da konstitusion erkinler taýdan seljerilmeli däl. ABŞ-daky köpçülikleýin jenaýatlary düşündirmek üçin sosiologik, psihiki, pedagogik, patalogik, ylmy, medeni perspektiwa esaslanýan analizler geçirilmeli. Şol analizlere maddy abadançylyga eýe bolan jemgyýeti gönükdirji ruhy düşünje hem goşulmaly. Halkara arenasynda günsaýyn wagşylaşýan ýurduň adamlarynyň ýurduň içinde hem legallalygyň azalmagyny islemegi hem gutulgysyzdyr. Seljerilmeli beýleki bir faktor Amerikan jemgyýetiniň dünýäniň galan bölegi bilen deňeşdirilmejek derejede ýaraglanma isleginiň sebäbi nämeden gelip çykýarka? Onuň çuňňur şahsy we jemgyýetçilik howpsyzlygy aladasynyň beýany bolup bolmandygy?

Men Amerikadaky ýörişleriň netije bermegini tama edýärin. Ýaşama hukugy ähli zatda ýokarda durýar.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: ýarag , okuwçy , mugallym , jenaýat , mekdep

Degişli Habarlar