Türk Daşary Syýasatyna Syn

PKK/ÝPG-niň daşary ýurtly terrorçylaryny hem-de olaryň ptensial howplary

Türk Daşary Syýasatyna Syn

 

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelip, Siriýadaky içerki urşa goşulan daşary ýurtly terrorçylar köp sanly dartgynlyga sebäp boldy. Emma meseläniň ulusy geljekki ýyllarda Ýewropa we ABŞ üçin ýüze çykjaga meňzeýär. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda PKK/ÝPG-niň daşary ýurtly terrorçylaryny hem-de olaryň ptensial howplaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Meşhur ýazyjy Ernest Hemigweýiň “Jaňlar kimiň üçin kakylýar” atly kitabyny okan bolsaňyz gerek. Ýadyňyza düşýan bolsa şol kitapda İspaniýadaky içerki uruşda wakalar partlaýyjy hünärmeni bolup işlän amerikaly ispan dili professorynyň üsti bilen beýan edilýärdi. Şeýlelikde Hemingweý meşhur kitabynda bir daşary ýurtly söweşijini gürrüň berýär. Ispaniýadan soň hem dünýäniň dürli ýurtlaryna daşary ýurtly söweşijiler gitmäge dowam etdiler. Siriýada we Yrakda başdan geçirilenleriň netijesinde şol adalgadan ugur alyp täze bir adalga döredi: Daşary ýurtly terrorçy söweşijiler.

Daşary ýurtly terrorçy söweşiji adalgasy DAIŞ-iň 2014-nji ýylda Siriýada we Yrakda gysga möhletde ýaýramagy bilen gün tertibine geldi. DAIŞ-iň dünýäniň çar tarapyndaky tarapdarlaryny söweşmäge çagyrmagy 2014-nji ýylyň 24-nji senýabrynda BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň Daşary ýurtly terrorçy söweşiji atly 2178 belgili karary kabul etmegine sebäp boldy.

Daşary ýurtly terrorçy söweşiji adalgasyny giňden analiz eden günbatar ýurtlarynyň meselä bolan garaýyşy; şu günki günde Daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň ýurtlaryna dolanyp barandan soň döretjek howpyna esaslanýar. Şol sebäpli esasan DAIŞ-e meňzeş guramalara goşulanlary analiz edýär, PKK/ÝPG ýa-da hristiýan söweşijileriniň hataryna goşulanlara üns berilmeýär. Bu çemeleşme BMG-niň 2170 we 2178 belgili kararlarynda hem beýan tapdy. Daşary ýurtly terrorçy söweşiji adalgasy DAIŞ we Al Kaýda bilen arabaglanşygy bolan guramalaryň çäginde kesgitlendi.

Siriýada DAIŞ-iň güýçlenmeginden soň 2014-nji ýyldan başlap terror guramasy PKK/ÝPG-niň düzümine köp sanly Daşary ýurtly terrorçy söweşiji goşuldy. Emma günbatar ýurtlary bu mesele bilen gyzyklanmady. Meýletin söweşijiler, rysarlar ýaly atlar bilen mesele ünsden düşürildi. PKK/ÝPG-niň düzümine goşulan günbatarlylar-ýewropalylar bilen bagly hiç zat edilmedi. PKK/ÝPG 2014-nji ýylda internet we sosial media arkaly DAIŞ-e garşy söweşmek üçin daşary ýurtlylary çagyrmaga başlady. Britaniýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Awstraliýadan, Germaniýadan, Daniýadan, Gresiýadan, Finlandiýadan, Fransiýadan, hat-da Hytaýdan gelen 1200-e golaý Daşary ýurtly terrorçy söweşiji terror guramasy PKK/ÝPG-niň düzümine goşuldy.

Şu günki günde terror guramasy PKK üçin döwlet gurmak; sosialist internasionaly ýaýbaňlandyrmak üçin bir serişdä öwrüldi. PKK-nyň aksiýalary bilen arabaglanşygy bolmadyk, emma owadan sözler bilen gün tertibine getirilýän “demokratik özygtyýarlylyk” we beýleki taslamalaryň Ýewropada hem-de ABŞ-da çepçi hereketlere ylham berýändigini görýäris. Häzirki wagtda terror guramasy PKK/ÝPG-niň hatarynda, emma ýaragly tälimleri, söweş tejribesi, jenagat gatnaşyklary we radikal pikirleri bilen günbatara öwrüljek ýüzlerçe radikal çepçi terrorçy bar. PKK-nyň Ýewropadaky aşa-çepçi toparlar bilen taryhy gatnaşyklaryny bilýäris. Şeýlelikde günlerden bir gün yzyna golanjak günbatarly Daşary ýurtly terrorçy söweşijiler günbataryň howpsyzlygy we halkara ulgam taýdan uly wehim döreder.

Günbataryň terror guramasy PKK/ÝPG-ä berýän goldawynyň esasy sebäbi PKK/ÝPG-niň “sekulýarlyk” hökmünde görkezilýär. Emma bu taýda bir ýalňyşlyk bar. PKK/ÝPG-niň sekulýarlygynyň döwrebap günbatar sukulýarlygy we demokratik düşünjesi bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. PKK/ÝPG Sowet plitbýurosynyň we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň sekulýar düşünjesine uýýar. Şol sebäpli PKK/ÝPG-niň sekulýarlygy Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin ykdysady we syýasy liberalizme öwrülmez. Häzirki wagtda terror guramasy PKK/ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky ýerlerde alyp barýan jemgyýetçilik-syýasy gurluş we ykdysady önümçilik modelleri Maoist paradigmanyň çäginde “kommunlara” esaslanýar. PKK/ÝPG-niň gözegçiligindäki ýerlerden “Günbataryň garaýyşlara eýe bolan sebitiň” döredilmegine garaşmak uly ýalňyşlyk bolar. Şol sebitlerde erkin bazar ykdysadyýeti, şahsylyk, söz azatlygy we liberal telekeçilik ýaly düşünjeler hiç haçan bolmaz. Çünki PKK/ÝPG “kommunal” utopiýa düýşüni görýär we özüni Neo-Maoist we Neo-Stalinist adalgalar bilen häsýetlendirýär.

Köp sanly günbatarly synçy-olaryň arasynda PKK sarpa goýýanlar hem bar- we hünärmenler hem PKK-nyň özgerendigine ynanmady. “Rožawa tejribesi” terror guramasy PKK-nyň hem “Leninçi öňbaşçy partiýa” däbini hem-de “Stalinist lider kultuny” gaýtalamakdan başga netije bermedi.

PKK/ÝPG-niň düzümindäki daşary ýurtly terrorçylaryň geljekde haýsydyr bir ýurtda terror aksiýasyny guramajakdygyny kim kepillendirip biler? Şeýle hem Leninçi-Stalinçi düşünjesi bilen tanalýan şol adamlar günbatara dolanyp baranlaryndan soň özleri ýaly pikirlenmeýänlere garşy terror howpyny emele getirmejekdiklerini kim aýdyp biler? Şol daşary ýurtly terrorçylar ABŞ-na, Ýewropa dolanyp baranlarynda iş tejribelerini, terror guramasynda alan tälimlerini we radikallyklaryny hem ýanlary bilen alyp bararlar. Hem ýekelikde, hem-de radikal çepçi toparlar bilen bilelikde ABŞ we Ýewropa üçin uly howp dörederler. Siriýadaky tejribeleri, ABŞ-daky we Ýewropadaky toparlary hem radikallaşdyrar, aksiýa usullaryna hem tasirini ýetirer. Edýän basyşlaryny, guraýan hüjümleriniň görnüşi we gerimi giňär. Molotow kokteýlleriniň ýerini elde ýasalan partlaýyjylar alsa gerek.

Jemläp aýdanymyzda günbatarly Daşary ýurtly terrorçy söweşijilere Siriýanyň demirgazygynda şert döredilmegi we hüjüm gurama ukyplarynyň ösmegine mümkinçilik döretmek orta hem-de uzak möhletde Ýewropanyň we günbataryň howpsyzlygy taýdan uly wehim döredýär. Günbatar bu mesele boýunça çäre görmeli we PKK/ÝPG-ä berýäň goldawyny bes etmeli. Eger şeýle bolman halatynda terror guramasy PKK/ÝPG-niň düzüminde çaknyşan raýatlary günlerden bir gün ABŞ-na we Ýewropa “Anders Behring Breýwigiň” Stalinist görnüşi ýaly yzyna dolanar. Gynansagam şol gün jaňlar günbatar üçin kakylarmyka diýýän.

Atatürk uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 

 



Degişli Habarlar