Aktual Analiz 14

Russiýa bilen günbataryň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk dowam edýärkä Türkiýe deňagramly syýasat alyp barýar.

Aktual Analiz 14

 

 

Britaniýadaky ozalky rus içaly Sergeý Skripalyň we gyzy Ýuliýanyň myşsa gazy bilen zäherlenmeginden soň hususan anglo-sakson blok hökmünde atlandyrylýan ABŞ we Britaniýa, umuman bolsa günbatar ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda düýpli dartgynlyk ýüze çykdy. Britaniýanyň gönükdirmeginde hüjümiň aňyrsynda Russiýanyň durýandygyny öňe süren ýurtlar reaksiýalaryny rus diplomatlaryny ýurtdan çykarmak bilen görkezdiler. Russiýa görkezilýän reaksiýalaryň çäginde 25 ýurt jemi 140 rus diplomatyny ýurtdan çykardy. Rus Daşary işler ministrligi bolsa habarlaryň nädogrydygyny beýan edip, Skripal wakasy sebäpli iňlis ýörite güýçlerini we iňlis howpsyzlyk gullugyny günäkärledi. Döwletlerden garaşsyz, halkara guramalar taýdan ser salanymyzda bolsa NATO gönüden Russiýa garşy syýasat alyp bardy. NATO agza ýurtlardan biri bolan Türkiýe bolsa başdan geçirilen hüjümi ýazgardy, emma Russiýany gönüden günäkärlemedi we rus diplomatlaryny ýurtdan çykarmady.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýa bilen günbatar ýurtlarynyň arasyndaky Skripal dartgynlygy “Sowuk uruş” döwrüni ýada salýan hem bolsa, dünýäniň täze konýenkturasynda Sowuk uruş barada aýtmak mümkin däl. Russiýanyň özüne ýakyn durýan ýurtlardan emele gelýän blok döredip, günbatar bloguna garşy uruş yglan etjekdigini pikirlenmek hakykata laýyk gelmez. Russiýanyň Krymy özüne birikdirmegi, Ukraina meselesi bilen dartgynlaşan rus-günbatar gatnaşyklary, ykdysady söweş derejesine baryp ýeten ykdysady sanksiýalar iki tarapyň arasyndaky dartgynlygy möwjetdi. Soňky Skripal wakasy bolsa dartgynlygy alawlandyran soňky hadysa hökmünde analiz edilip bilner. Emma günbatar dünýäsiniň içerki çaprazlyklary we Germaniýanyň başda durmagynda käbir ýurtlaryň Russiýa has parasatly çemeleşýändigi hem ünsden düşürilmeli däl.

Russiýa bilen günbataryň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk dowam edýärkä Türkiýe deňagramly syýasat alyp barýar. Türkiýe özüni bir tarapa berkitmezden, öz milli bähbitlerini ileri tutýan pozisiýa eýeleýär. Skripal wakasyna baglyklykda Türkiýe we NATO taýdan günbatarly hyzmatdaşlary bilen arkalaşýar, emma rus diplomatlaryny ýurtdan çykarman Russiýa bilen diplomatik dartgynlygyň öňüni alýar. Şeýlede Türkiýe öz milli bähbitlerine laýyklykda Akkuýu atom elektrik stansiýasynyň gurluşygyna Prezident Erdogan bilen Putin badalga berdi. Akkuýu atom bekedi 4 reaktordan ybarat bolar we birinji reaktor 2023-nji ýylda ulanmaga beriler. Akkuýu atom bekedi jemi 4800 mw elektrik toguny öndürip, Türkiýäniň sarp edýän elektrik togunyň 10 göterimini üpjün eder.

Şol bir wagtda Russiýa bilen bilelikde Türk akymy taslamasyny dowam etdirýän we birinji tapgyrda Russiýadan Türkiýä, ikinji tapgyrda bolsa Balkan ýurtlaryna tarap uzap gitjek turba geçiriji taslamasynyň gurluşygy dowam edýär. Türkiýäniň iş ýüzüne geçirýän beýleki energiýa taslamalary bilen birlikde Türk akymy Türkiýäni energiýa merkezine öwürmek taýdan iňňän möhüm.

Emma Türkiýe hyzmatdaşlygyny diňe bir Russiýa bilen däl, şol bir wagtda-da ÝB-ne agza ýurtlar we ABŞ bilen hem ösdürmek isleýär. Şeýlelikde Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny almak barada ylalaşyga gol goýan Türkiýe, şol bir wagtda NATO agza ýurtlardan hem Howa goranyş ulgamlaryny almak üçin gepleşikler geçirýär. Şeýle-de üçünji Howa goranyş ulgamy hökmünde Türkiýe Fransiýa we Italiýa bilen bilelikdäki önümçilik üçin alynky ylalaşyga gol çekişdi. Türkiýe bulardan başga-da F-35 kysymly harby uçaryň öndürilmegine uly goşant goşýar.

Emma Türkiýäniň NATO-daky hyzmatdaşlary bilen FETÖ we PKK/ÝPG meselesindäki düşnüşmezligi dowam edýär. Şol bir wagtda-da Russiýa bilen Krym, Ukraina we Guta meselelerinde ylalaşmaýan Türkiýe deňagramly daşary syýasat alyp baryp, milli bähbitlerini goramak isleýär.



Degişli Habarlar