Türkiýäniň Daşary syýasatyna syn 14

Türkiýe-ÝB gatnaşyklary

Türkiýäniň Daşary syýasatyna syn 14

 

Türkiýe Respublikasynyň we ÝB-niň ýolbaşçylary Bolgariýanyň Warna şäherinde geçirlen maslahata gatnaşdylar. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Warna maslahaty we Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň geljegi barada maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Bolgariýanyň Warna şäherinde geçirlen maslahatda Türkiýe Respublikasynyň we ÝB-niň ýolbaşçylary bir ýere jemlenişdiler. Maslahata Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan, ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Kloud Ýunker we ýer eýesi Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow gatnaşdy. Maslahat birnäçe wagtdan bäri dartgynly ýagdaýda dowam edýän Türkiýe-ÝB gatnaşyklary taýdan möhümdi.  Maslahat Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ýaňadandan gözden geçirilmegi, gatnaşyklarda bökdençlik emele getirýän ugurlaryň seljerilmegini maksat edinýärdi. Maslahatda ÝB-niň Türkiýeden garaşýan başlangyçlary, Türkiýäniň hem ÝB-den garaşýan başlangyçlary ýokary derejede beýan edildi.

Ýadyňyza düşýän bolsa ÝB Komissiýasynyň 2016-njy ýylda çap eden Ösüş habarnamasy Türkiýede uly garşylyga sebäp bolupdy. Bir taraply ýagdaýda taýarlanan şol habarnamada Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryndaky durgunlykdan Türkiýäniň jogapkärdigi nygtalypdy. Beýleki tarapdan ÝB Komissiýasynyň  habarnamasynda ozal söz berlen wiza erkinligi meselesinde ÝB-niň haçan herekete geçjekdigi hakynda hiç hili maglumat berilmändi. Mundan başgada 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy we demokratiýa üçin berlen göreş ýönekeý waka ýaly görülýärdi.

Türkiýäniň 2016-njy ýyldaky Ösüş habarnamasyna görkezen garşylygy sebäpli ÝB Komissiýasy 2017-nji ýyl üçin taýarlajak Ösüş habarnamasyny yza süýşürdi. Şeýlelikde Türkiýäniň “ÝB-ne dalaşgär ýurt hökmünde ykrar edilen ýyly bolan 1999-njy ýyldan bäri ilkinji gezek beýleki dalaşgär ýurtlaryň tersine Türkiýe hakyndaky ýyllyk Ösüş habarnamasy Komissiýa tarapyndan çap edilmedi.

Warnada geçirlen maslahatda umuman alnanda iki mesele seljerildi. Biri Türkiýäniň geçen ýyl ÝB-ne hödürlan Gümrük Bileleşiginiň ýaňadandan gözden geçirilmegi meselesi. Gümrük Bileleşiginiň güýje giren ýyly bolan 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri halkara söwdada we ÝB-niň üçünji ýurtlar bilen edýän söwda gatnaşyklarynda täze ýagdaýlar ýüze çykdy. Şol täze ýagdaý Türkiýäniň 22 ýyl ozal uly mümkinçilik hökmünde kabul eden kesgitlemeleriniň täsirini ýitirdi. ÝB, Türkiýeden has soň ÝB bilen erkin söwda şertnamasyny baglaşan käbir ýurtlara has uly ýeňillikler döretdi. Bu hem Gümrük Bileleşiginiň ýaňadandan gözden geçirilmegi meselesini gün tertibine getirdi.

Maslahatyň gün tertibinde esasy orun eýelän ikinji mesele bolsa wiza erkinlidi meselesidi. Türkiýe bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky şertnama gol goýmak bilen we degişli çäreleri görmek bilen ÝB-ne agza ýurtlara gidýän bosgunlaryň sanynyň azalmagynda esasy rol oýnan ýurt boldy. Muňa garamazdan ÝB beren sözüni ýerine ýetirmedi we türk raýatlaryna wiza erkinligi berilmedi.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda gysga möhletde çözülmegi mümkin bolmadyk käbir meseleler we garaýyş tapawutlylyklary bar. Şol sebäpli hem gatnaşyklarda mundan soňky döwürde hem dartgynlyklaryň başdan geçirlip bilinjekdigini aýdyp biler. Şu günki günde Türkiýe ÝB-niň strategiýa taýdan esasy hyzmatdaşy. Türkiýäni we ÝB stratgiýa birleşdirýän birnäçe ugur bar. Emma ÝB uzak ýyllardan bäri Türkiýe bilen özüni birleşdirýän şol ugurlara ýeterlik derejede üns bermeýär.

Bu oňaýsyz görkezijilere garamazdan soňky döwürde ÝB-den we ÝB-ne agza ýurtlar tarapyndan berilýän ýüzlenmeler ÝB-niň Türkiýe meselesindäki tutumynyň özgermäge başlandygyny görkezýär. Türkiýäniň Russiýa bilen Siriýa meselesinde edýän hyzmatdaşlygy, Zeýtun şahajygy operasiýasynda gazanylan üstünlik we S-400 howadan goranyş ulgamynyň alynmagy karary Ýewropanyn tutumynyň özgermeginde esasy orun eýeledi.

Türkiýäniň Russiýa bilen ýakynlaşýan, ABŞ-dan bolsa çetleşýän döwründe ÝB türk daşary syýasatynda deňagramlylygyň goralmagy üçin diýseň möhüm. Beýleki tarapdan Türkiýe ÝB taýdan hakykatdan hem esasy ýurt bolýan bolsa Russiýa ýada başga bir döwlet ýada gurama bilen ýakynlaşmagyny islemeýän bolsalar wiza erkinligi we bosgunlara beriljek ýardamlar meselesinde berlen sözler ýerine ýetirilmeli we Türkiýänin howpsyzlygy meselesinde ünsli çemeleşilmeli.

Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň Warna maslahatyndaky tutumy diýseň möhümdi. Erdogan maslahatdan soň eden çykyşynda ÝB-niň Türkiýeden talap edýän kadalary barada ýekeje söz hem aýtmady. Tersine Türkiýäniň tesizlerini we talaplaryny, Türkiýe bilen täze başlangyç etmegiň şertlerini beýan etdi. Talaplar ÝB tarapyndan ýerine ýetirilmän halatynda ÝB meselesi Türkiýäniň gün tertibinde esasy orun eýelemez. Onsuz hem Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky bag gün saýyn güýçden gaçýar we ÝB Türkiýäniň esasy maksatlaryndan biri bolmakdan çetleşýär.

Türkiýe 1974-nji ýyldaky  Kipr parahatçylyk hereketi döwri bilen birlikde taryhynyň hiçbir döwründe Günbatardan ýüz öwürmek meselesiniň üstünde şeýle köp durmandy. Beýleki tarapdan Türkiýede halk hem Günbatardan çetleşmek meselesiniň üstünde durmaga başlady. Şol sebäpli hem şu günki günde karar bermeli tarap Türkiýe däl eýsem ÝB.

ÝB sebitara aktýor däl eýsem halkara güýç bolmak isleýän bolsa onda Türkiýäni agzalyga kabul etmeli bolar.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar