Türk daşary syýasatyna syn 37

Global güýç göreşiniň täsiri astyndaky Idlib

Türk daşary syýasatyna syn 37

 

Analitikleriň käbirine görä Idlibde çaknyşyklaryň başlamagyna sanlyja gün galdy. Sebitdäki harby hereketlilik bilen ýakyndan gyzyklanýanlar operasiýanyň gysgawa wagtda başlajakdygyna ynanýar. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda global güýç göreşiniň täsiri astyndaky Idlib meselesini analiz etmekçi.

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr. Jemil Dogan Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Müňe ýyla golaý höküm sürenden soň soňky günlerini başdan geçirýän Keramatly rim impetaorlygy Woltaireniň belläp geçişi ýaly ne keramatlydy, ne Rimlidi  ne-de imperatorlykdy.  2,5 asyr soň şu günki günde başdan geçirilýän kynçylyklar hem soňky günlerini başdan geçirýän leberal dünýä ulgamynyň ne liberal bolmagy, ne dünýä derejesinde  bolmagy ne-de ulgamyň içinde bolmagy. Döwrümizde bitewi dünýä barada söz etmek gün saýyn kynlaşýar. Global töwerek döretmek tagallalary netije bermeýär. Global söwda gepleşikleriniň soňky tapgyry hem netije bermedi. Kiber giňişlik barada sanlyja düzgün bar. Döwrümizde diňe şahsy bähbide esaslanýan wakalara şaýatlyk edýäris. Şu günki günde Ýakyn Gündogarda we Siriýada başdan geçirilýän wakalar muňa mysal bolup biler.

Şu günki günde dünýa 1939-1991-nji ýyllardaky ýaly ideologik bölünşigi başdan geçiren dünýä meňzemeýär. Dünýä tapawutly global söweşe (1-nji jahan urşundan öňki) on ýyllyklara meňzeýär. Döwrümizde global we sebitleýin güýçleriň güýçlenýän-pese gaçýan döwründe milli güýç söweşlerine şaýatlyk edýäris. Esasy güýç bolan ABŞ öz güýjüni gorap saklamak üçin yzygiderli  ýagdaýda dürli göçümler edýär. ABŞ-nyň aşa güýjü Hytaý we Türkiýe ýaly güýçlenýän aktýorlary biynjalyk edýär. Russiýa Federassiýasy we ÝB ýaly köp milletly ýurtlar ozalky pajarlap ösen günlerini gözleýär. Günbatarly ýurtlar ozalky Sowet Soýuzynyň ýaňadandan birleşmeginden, Russiýa bolsa Günbatarly ýurtlardan gorkýar. Günbatar bilen Russiýa ikisi birlikde bolsa radikal yslamdan gorkýar.

Dünýäniň umumy ýagdaýyna ser salanymyzda bolsa 1945-1989-njy ýyllardaky ýaly ideaoloik göreş ýok. Täze Demir perde ýok. ABŞ-nyň häkimiýetiniň azaldylmagyny isleýän emma heniz maksadyna ýetmek üçin beýle güýçli bolmadyk güýçlenýän we pese gaçýan güýçler bar. Bu ýagdaý mesele bilen gyzyklanýan hünärmenlerde käbir düşnüşmezliklere sebäp bolýar.

Käbir hünärmenler bu ýagdaýy Sowuk söweş hökmünde häsiýetlendirmek isleýär. Emma bu dogry däl. Häzirki ýagdaý Sowuk söweşe däl eýsem 19-njy asyryň ikinji ýarymynda başdan geçirlen wakalara meňzeýär. Şol döwür täze ýüze çykan güýçleriň bäsleşik döwrüdi, döwletara gatnaşyklarda idealogiýa däl eýsem milli bähbide esaslanýan döwürdi.

Şu günki günde Siriýadaky wakalar sebitara we halkara derejesinde has howply ýagdaýa geldi. Siriýa guraljak gury ýer we howa hüjümi gözegçilikden çykyp  uly çaknyşyga sebäp bolup biler. Analitikleriň käbirine görä Idlibde çaknyşyklaryň başlamagyna sanlyja gün galdy. Sebitdäki harby hereketlilik bilen ýakyndan gyzyklanýanlar operasiýanyň gysga wagtda başlajakdygyna ynanýar. Asada tabynlykdaky güýçler hyzmatdaşlary bilen birlikde Idlibiň golaýynda üç ýere esger ornaşdyrýar. Ornaşdyrlan esgerleriň sany hem Halap operasiýasyna gatnaşan esgerleriň sanyna çenli baryp ýetdi.

Idlib operasiýasy meselesinde Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda heniz hiç hili ylalaşyk gazanylyp bilinmedi. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk Siriýada soňky iki ýylda deňagramlylyk ulagy ýagdaýyna geldi. Emma Idlib meselesinde iki ýurduň arasyndaky garaýyş tapawutlylygy henizem dowam edýär.

Türkiýe Idlib operasiýasyna alada bildirýär. Idlibde guraljak haýsydyr bir operasiýa ilkinji nobatda gysga möhletde çaknyşyklardan gaçan ýüzmüňlerçe siriýalynyň Türkiýe serhetlerine çenli  gelmegine sebäp bolup biler.

Uzak möhletli howp bolsa Siriýada guruljak täze ulgam Türkiýäniň milli howpsyzlygyna wehim salyp biler. Türkiýe Siriýadaky içerki urşuň netijesine garamazdan şol ýurtdan özüne abanyp biljek howplara garşy harby, syýasy we diplomatiýa taýdan edýän tagallalaryny dowam etdirýär.

Siriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy PKK/ÝPG-niň gözegçiliginde dörediljek ulgamyň Türkiýe üçin howply bolandygy sebäpli Idlib meselesine has ünsli çemeleşýär.

Soňky döwürde Siriýada ünsler Idlibe gönükdi. ABŞ bolsa dymmagy saýlap aldy we PÝD/PKK üçin howpsyz zolak döretmek etabyny başlatdy. DAIŞ-e garşy göreşiň çäginde ýardamlaryň dowam edýändigi öňe sürülse-de ABŞ-nyň Saud Arabystanynyň başda durmagyndaky ähli hyzmatdaşlarynyň harby we ykdysady tagallalary ünsleriň Idlibe gönügen günlerinde Siriýanyň demirgazyk gündogarynda ilki “uçuşa gadagan zolak” soň bolsa ABŞ-nyň hemaýaty astynda ýörite zolak döretmek baradaky tagallasynyň artýandygy pikirini ýüze çykarýar. Şol sebäpli İdlib operasiýasy dowam edýärkä Siriýanyň demirgazyk gündogary hem ýatdan çykarylmaly däl.

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr. Jemil Dogan Ipegiň Idlib baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýärdik.

 

 

 

 


Etiketkalar: çaknyşyk , Idlib , göreş , global

Degişli Habarlar