Aktual Analiz 41

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Aktual Analiz 41

 

6 milliona golaý ilatly Yragyň Kürdistan Awtonomiýasynda 3 milliondan gowrak saýlawçy 30-njy sentýabr ýekşenbe güni parlament saýlawlarynda ses berdi. Halk deputatlarynyň saýlawlarynda gatnaşyk mukdarynyň 57 göterime barabardygy beýan edildi. Saýlaw tapgyrynyň umuman parahatçylykly we asuda geçendigine garamazdan käbir ýerlerde ýaragly adamlaryň hem-de Peşmerge güýçleriniň bolmagy uly dartgynlyklary ýüze çykardy. Kürdistan ýurtsöýerler bileleşigi (KÝB) we Kürdistan demokratik partiýasy (KDP) birek-biregi saýlawda galplyk etmekde aýyplan bolsa, Gorran we Ýaşyl nesil hereketi bolsa esasanda KÝB-ni saýlawlarda galplyk etmekde günäkärledi. Berilen beýanatlara garamazdan Kürdistan Awtonomiýasyndaky saýlawlar umuman üstünlikli geçdi. Daşary işler ministr ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoý bu çäkde; “Yragyň Kürdistan Awtonomiýasynyň parlament saýlawlarynyň parahatçylykly şertlerde geçmegine hoşlallyk bildirýäris. Saýlawyň netijesiniň Yragyň jebisliginiň we bitewiliginiň goralyp saklanmagyna hem-de ýurda durnuklylyk getirmegi taýdan bähbitli bolmagyny arzuw edýaris” diýdi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä KDP uly üstünlik gazanyp, sesleriň 45 göterimini aldy. KÝB bolsa saýlawda 19 göterim ses almagyň hötdesinden geldi. Gorran hereketi bolsa 12, Täze nesil hereketi 8,3 göterim ses aldy. Yslamy partiýalar 7 we 5 göterime golaý ses aldylar.

Resmi bolmadyk netijelere görä uly üstünlik gazanan KDP, şol bir wagtda KÝB-den garaşsyz kiçi partiýalardan biri bilen şäriklikde hökümet gurma güýjüne eýe boldy. Sesler sanalmaga dowam edýärkä Yragyň Parlamentinde Prezident saýlawy dowam edýärdi. Yragyň konstitutsiýasyna görä kürtlerden saýlanan Prezidentlige dalaşgärler KÝB-niň we KDP-niň bilelikdäki dalaşgäri bolmandygy üçin iki partiýanyň arasynda uly bäsdeşlige hem-de dartgynlyga sebäp boldy.

KDP Przidentlik üçin Fuad Hüseýini, KÝB bolsa Berhem Salihi dalaşgär hökmünde hödürledi. Yragyň mejlisindäki ikinji tapgyr sese goýulşyga 329 halk deputatyndan 272 sanysy gatnaşdy. KÝB-niň dalaşgäri Berhem Salih 219 ses bilen Yragyň 4-nji Prezidentligine saýlandy. KÝB-niň dalaşgäri Fuad Hüseýin bolsa 22 ses aldy. Prezident saýlawynyň birinji tapgyrynda 7 dalaşgäriň hiç haýsy gerek bolan 220 ses alyp bilmändigi sebäpli saýlaw ikinji tapgyra galypdy. Prezident saýlawynyň birinji tapgyrynda Berhem Salih 165, Fuad Hüseýin 89 ses alypdy. Garaşsyz zenan syýasatçy Sirwe Abdulwahid bolsa 18 ses alypdy.

Prezident saýlawynda KÝB-niň dalaşgäri Berhem Salihiň üstün çykmagy şol bir wagtda Yragyň Kürdistan Awtonomiýasynyň içeri syýasatynda-da täsiriniň bolmagy ähtimal. Şeýlelikde şol gün geçirilen saýlawda uly üstünlik gazanan KDP içeri syýasatda KÝB-ä garşy güýçli we berk syýasat alyp baryp biler.

Kürdistan Awtonomiýasyndaky saýlawlaryň netijesi Türkiýe bilen bolan gatnaşyklara we Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşine hem täsir ýetirer. Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň garaşsyzlyk referendumyndan soň Yragyň merkezi hökümetiniň eýelän pozisiýasy bilen Kerkuk ýaly möhüm şäherleri ekden gideren Kürt dolanşygy Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak islär. Esasanda KDP ykdysady taýdan Türkiýe bilen bolan gatnaşyklary ösdürmek isleýär. Türkiýäniň KÝB-nin gözegçiligindäki Süleýmaniýe şäheriniň howa menziline sanksiýalaryny dowam etdirmegi, Türkiýäniň KÝB bolan çemeleşmesini görkezýän möhüm görkeziji. KDP-nin saýlawda üstün çykmagy Türkiýe bilen Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň gatnaşyklaryna oňyn goşant goşmagyna garaşylýar.

Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşine laýyklykda Demirgazyk Yrakda geçirýän harby operasiýalary PKK-nyň Demirgazyk Yragyň üsti bilen Türkiýä geçmeginiň öňüni almagy nazarda tutýar. Türkiýäniň Demirgazyk Yrakda PKK garşy alyp barýan göreşi KDP-niň saýlawda üstün çykmagy bilen has-da güýçlenip biler. Şeýlelikde KÝB bilen PKK-nyň arasyndaky gatnaşyk KDP-niň PKK bilen bolan gatnaşygyndan gowşak. Türkiýe Kürt Awtonomiýasy bilen gatnaşyklary güýçlendirip, şol bir wagtda-da KDP-den PKK-nyň Türkiýe üçin emele getirýän howpyna garşy anyk çareleri görmegini talap eder.

Yrakdaky saýlawlardan bäri birnäçe aýyň geçendigine garamazdan Yragyň merkezi hökümetiniň gurulmazlygy hem Yrak hem-de Türkiýe üçin agyr meseleleri ýüze çykarýan bolsa, Yragyň Kürt Awtonomiýasyndaky saýlawyň netijeleriniň hökümetiň gysga möhletde gurulmagy bilen netijelenen halatynda Kürt Awtonomiýasy, Yrak we Türkiýäniň howpsyzlygy taýdan değerli netijeleri ýüze çykarmagyna garaşylýar. Eger Yragyň merkezi hökümeti hem gurulan halatynda Yrakdaky köp sanly mesle bilen göreşmek has ýeňil we netijeli bolar.



Degişli Habarlar