Türk Daşary Syýasatyna Syn

G20-niň türk ykdysadyýetine we daşary syýasatyna goşýan goşantlary

Türk Daşary Syýasatyna Syn

 

 

Türkiýäniň ykdysady howplara we pursatlara eýe bolan günlerinde Türkiýe üçin G20 möhüm perspektiwa bolup durýar. Biz hem gepleşigimiziň şu günki sanynda G20-niň türk ykdysadyýetine we daşary syýasatyna goşýan goşantlaryny analiz etmekçi.

Karatekin uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasynyň sebitleýin we global derejede düýpli ykdysady howplara we pursatlara duş gelýän döwründe Türkiýäniň G20-ä agza ýurtlar boýunça perspektiwasy möhüm ahmiýete eýe bolup durýar. Ykdysadyýetiň geljegi boýunça möhüm kararlaryň kabul edilýän günlerinde diplomatiýanyň tapawutly ugurlaryndan biri Türkiýe tarapyndan iş ýüzüne geçirilýär. Ýadyňyza düşýän bolsa birnäçe aý mundan ozal G20-ä agza ýurtlaryň Maliýe ministleriniň we Merkezi banklarynyň başlyklarynyň maslahaty Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde geçirilipdi. Dünýäniň ykdysady taýdan ösen 20 ýurdunyň maliýe ministrleri bilen merkezi banklarynyň başlyklarynyň maslahaty iki gün dowam edipdi.

Türkiýä Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak bilen Merkezi bankyň başlygy Murat Çetinkaýanyň wekilçilik eden maslahatyna G20-ä agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýany bilen Halkara Pul Gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Dünýä ykdysadyýetiniň 85 göterimine eýe bolan 20 ýurduň wekillerini ABŞ-nyň Prezident Donald Trampyň ÝB, Kanada, Meksika we Hytaý ýaly köp sanly ýurda garşy goýan gümrük salgytlaryndan we garşylykly çekeleşiklerden soň ilkinji gezek özünde jemlän maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri möwjeýän söwda dartgynlyklary boldy.

Şol sanda kripto pullar, salgytlandyryş we emeli zehin döwründe iş üpjünçiligi ýaly ugurlar hem maslahatda seljerilen ugurlar.

Eýsem ykdysady-syýasatyň ähmiýetiniň güýçlenýän döwründe G20 näme we Türkiýe üçin nähili ähmiýete eýe?

G20 1999-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda G7-nji maliýe ministrleriniň maslahatynda döredilýär. 20-ler topary dünýäniň ösen we ösüp barýan ýurtlarynyň liderleri bilen ÝB-niň wekillerini özünde jemleýän halkara gurama.  G20-niň maslahatlarynda halkara maliýe durnuklylygynyň güýçlendirilmegi boýunça geňeşmeler we işler geçirilýär. Şol topara degişli bolan ýurtlar dünýäniň milli girdejisiniň 4/5 bölegine, söwdasynyň bolsa ¾ bölegine wekilçilik edýär.

G20 häzirki döwürde diňe bir pul we maliýe syýasatlaryny däl, energetika, söwda we maýa goýumlary ýaly ugurlary öz içine alýan giň geňeşme şertini döredýär. Şol platformada ilki bilen G20-ä girýän ýurtlaryň liderleriniň hünärmenleri jemlenişýärler we şeýlelikde hökümetara utgaşyklygyň ýany bilen pikir alyşmalaryň geçirilýän giňişligi emele gelýär.

G20, “Britton Wuds” ulgamynyň guramalary bolan Halkara Pul gaznasy bilen Bütindünýä bankynyň täze global ulgamda funksiýasynyň ejizlemeginiň netjesi hökmünde olary özgertme, şol bir wagtda-da giň gerimli platforma emele getirmek ugrundaky tagalla bilen özüni görkezdi.

Mälim bolşy ýaly G20-niň resmi karar kabul ediş mehanizmi ýok. Her bir agza öz garaýyşlaryny beýan edýär we utgaşyklyk kadasyna görä hereket edilýär. Onsuz hem G20 özüni “global ykdysady meselelerde goşant goşujy diskussiýalaryň geçirilýän resmi bolmadyk platformasy” hökmünde häsýetlendirýär. Her ýyl geçirilýän maslahatyň ahyrynda döwletleriň pikirleri we garaýyşlary göz öňünde tutulyp, jarnama çap edilýär. Şeýlelikde döwletler jarnamada beýan edilýän maksatlara ýetmek üçin söz berýärler.

Köp sanly halkara guramasynyň tersine G20-niň hemişelik işgäri ýok. Sekretariýaty hem ýok. Başlyklyk bolsa gezekleşikli häsýetde dowam etdirilýär. Ozalky, soňky we häzirki başlyklyk maslahatda seljeriljek ugurlary, çykyş etjek gatnaşyjylary kesgitleýär. G20-niň gatnaşykda bolan toparlary hem bar: Ylmy barlag guramalaryny özünde jemleýan T20, Zähmetkeşleriň toparyny emele getirýän L20, Ýaşlar guramalaryny özünde jemleýän Ý20 şolardan birnäçesi. Türkiýe 2015-nji ýyldaky döwürleýin başlyklyk möhletinde zenan hukuklaryny goraýjy guramalary özünde jemleýän W20-ni döredipdi.

Türkiýe hem ösen hem-de ösüp barýan esasy ýurtlara wekilçilik edýändigi üçin wekilçilik güýjüniň ýokarydygyna ynanýar. G20-ni global ykdysady hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk taýdan iň amatly platforma hökmünde häsýetlendirilýär.

Dünýäniň ykdysady ulgamy ýaňadandan dizaýn edilýärkä Türkiýe ozalky döwürlerden tapawutlylykda synçy pozisiýasynda däl. G20-ä agza bolup durýan Türkiýe indi dünýädä has abraýly we güýçli ýurt. Dowam edýän ÝB-ne agzalyk gepleşikleri hem şol çäkde funksional ähmiýete eýe. Ýewropanyň hususy pudagynyň ýygy-ýygydan nygtaýşy ýaly ÝB global bäsdeşlik güýjüni ýokarlandyrmak üçin Türkiýäniň goldawy möhüm.



Degişli Habarlar