Türkmen pälwany — Aziýanyň çempionatynyň ýeňijisi

Hytaýyň Taýpeýinde ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty badalga aldy

Türkmen pälwany — Aziýanyň çempionatynyň ýeňijisi

Ýaryşlaryň birinji gününde türkmen türgenleriniň düzüminde Seýdylla Täzäýew tapawutlanyp, 60 kilograma çenli agramlyk derejede grek-rim görnüşi boýunça altyn medala mynasyp boldy. 

Munuň özi biziň ildeşimiziň halkara sport giňişliginde gazanan üstünliginiň ilkinjisi däldir. Geçen ýyl Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebowyň şägirdi Fransiýanyň Makon şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç baýragyna mynasyp boldy. Geçen aýda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde IV Yslam raýdaşlyk oýunlary geçirildi, şonda S.Täzäýew ýene-de hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. 

Özüniň ýaşdygyna (17 ýaşynda) garamazdan, Seýdylla Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndymyzyň düzüminde mynasyp orun eýelemäge esasy dalaşgärleriň biridir. 

Taýçung indi bassyr ikinji ýyl özünde şeýle derejedäki ýaryşlary geçirýär. Olarda diňe bir göreşiň “nusgawy” görnüşinde däl, eýsem, erkin göreş boýunça ýaryşlar geçirilýär. Bu çempionatyň esasy aýratynlygy, onda bir agramlyk derejä iki türgeni hödürlemek bolýar. Şoňa görä-de, Hytaýyň Taýpeýinde geçirilýän yklym derejesindäki ýaryşlara türgenleriň örän köp sanlysy gatnaşýar. 

Ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty 18-nji iýuna çenli dowam eder. (TDH)



Degişli Habarlar