2020-njy ýylda Türkiýä gelen Hytaýly syýahatçylaryň sany 3 milliondan geçer

Koçak 2018-nji ýylyň Hytaý Halk Respublikasynda “Türkiýe syýahatçylyk ýyly” hökmünde yglan edilendigini ýatlatdy

2020-njy ýylda Türkiýä gelen Hytaýly syýahatçylaryň sany 3 milliondan geçer

 

Türkiýe-Hytaý Işewür adamlary dostluk we arkalaşyk jemgyýetiniň başlygy Kemal Koçak 2020-njy ýylda Türkiýä gelen hytaýly syýahatçylaryň sanynyň 3 milliondan geçjekdigini aýtdy.

Koçak 2018-nji ýylyň Hytaý Halk Respublikasynda “Türkiýe syýahatçylyk ýyly” hökmünde yglan edilendigini ýatlatdy.

Koçak Hytaýda 1,5 milliard adamyň ýaşaýandygyny we ýylda ortaça 200 million adamyň dünýä ýurtlaryna syýahat edýändigini belledi.

Türkiýe-Hytaý Işewür adamlary dostluk we arkalaşyk jemgyýetiniň başlygy Kemal Koçak 2018-nji ýylyň Hytaý Halk Respublikasynda “Türkiýe syýahatçylyk ýyly” hökmünde yglan edilmeginiň Hytaýdan Türkiýä geljek syýahatçylaryň sanynyn artdyrylmagy üçin uly pursatdygyna ünsi çekdi.

Koçak Hytaý bilen edilýän ähli gatnaşyklary iki taraply bähbide laýyklykda ösdürmek, diňe syýahatçylaryň däl eýsem hytaýly işewür adamlarynyň Türkiýede maýa goýmaklary üçin tagalla edýändiklerini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar