Halkara Olimpiada komiteti Demirgazyk Koreýaly türgenler meselesini ara alyp maslahatlaşar

Halkara Olimpiada komiteti Demirgazyk Koreýaly türgenleriň Günorta Koreýada geçiriljek 2018 Gyşky olimpiada oýunlaryna gatnaşmagy meselesini 20-njy ýanwarda ara alyp maslahatlaşar

Halkara Olimpiada komiteti Demirgazyk Koreýaly türgenler meselesini ara alyp maslahatlaşar

Mesele hakynda berlen beýanatda Halkara Olimpiada komitetiniň başlygy Thomas Najhyň taraplar bilen 20-njy ýanwarda Lozannada Halkara Olimpiada komitetiniň merkezi jaýynda duşuşjakdygy nygtaldy.

Duşuşykda Demirgazyk Koreýaly türgenleriň atlary, göterjek baýdagy, milli mukamy we geýjek egin eşikleri ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy nygtaldy.

Günorta Koreýaly we Demirgazyk Koreýaly ýokary derejeli ýolbaşçylaryň iki ýyl soň ilkinji gezek geçiren duşuşygyndan soň berlen beýanatda Demirgazyk Koreýanyň olimpiada oýunlaryna türgen, synçy, žurnalist we janköýer ugratjakdygy mälim edilipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar