Pamukkale hytaýly syýahatçylaryň ünsünü özüne çekýär

Hytaýlylaryň türk taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýdan Şen, syýahatçylaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjekdigine ünsi çekdi

Pamukkale hytaýly syýahatçylaryň ünsünü özüne çekýär

 

BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan ak trawentenleri bilen ýakyndan tanalýan Pamukkale hytaýly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Denizliniň syýahatçylar we myhmanhanaçylar jemgyýetiniň başlygy Murat Şen, Hytaýda “Türkiýe syýahatçylyk ýylynyň” yglan edilmeginden soň Hytaýdan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artandygyna ünsi çekdi.

Murat Şen “Hytaýly syýahatçylar Pamukkaläni, Stambuly we Kapadokýany görmek isleýäris. Şu ýyl Pamakkale gelen syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär. Şäherde Hytaýyň tagamlaryny bişirýän ýörite naharhana açyldy. Hytaýly syýahatçylar üçin ýörite gezelençler guralýar”diýdi.

Hytaýlylaryň türk taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýdan Şen, syýahatçylaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjekdigine ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: syýahatçy , Hytaý , Pamukkale , Denizli

Degişli Habarlar