Türkmenistanyň Super kubogynyň finalynyň emin agzasy türkiýeli Hüseýin Göçek bolar

Altyn Asyr bilen Ahal toparlarynyň arasynda duşuşygyň emin agzasy Hüseýin Göçek bolar

Türkmenistanyň Super kubogynyň finalynyň emin agzasy türkiýeli Hüseýin Göçek bolar

Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň emin agzasy Hüseýin Göçek Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çakylygyna laýyklykda Altyn Asyr bilen Ahal komandalarynyň arasynda geçiriljek Türkmenistanyň Super kubogynyň finalynyň emin agzasy bolar.

Türkiýäniň Futbol federasiýasy tarapyndan berilen beýanata görä: “FIFA-nyň türk emin agzasy Hüseýin Göçek Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çakylygyna laýyklykda Altyn Asyr bilen Ahal toparlarynyň arasynda şu gün  20-nji iýunda geçiriljek Türkmenistanyň Super kubogynyň finalynyň emin agzasy bolar. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Köpetdag stadionynda Türkiýäniň wagty bilen sagat 17:00-da başlajak duşuşykda Hüseýin Göçeke Mustafa Emre Eýisoý we Kemal Ýylmaz kömek eder. Duşuşugyň 4-nji emin agzasy bolsa Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan Resul Mamedow bolar” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar