"Azerbaýjan ABŞ tarapyndan terror howpynyň bolan ýurtlarynyň sanawynda görkezilmegine geň galýar"

Azerbaýjan ABŞ tarapyndan terror howpynyň bolan ýurtlarynyň sanawynda görkezilmegine reaksiýa bildirdi

"Azerbaýjan ABŞ tarapyndan terror howpynyň bolan ýurtlarynyň sanawynda görkezilmegine geň galýar"

Azerbaýjan ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan terror howpynyň bolan ýurtlarynyň sanawynda görkezilmegine we Amerikan raýatlaryna Azerbaýjana syýahat etmezlikleri üçin beren duýduryşyna geň galýar.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hikmet Hajyýew mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda Azerbaýjanyň terrory berk ýazgarýandygyny nygtady.

Soňky ýyllarda Azerbaýjana gelen syýahatçylaryň sanynyň 24 göterim artandygyny, 2017-nji ýylda 2,7 million syýahatçynyň gelendigini ýatladan Hajyýew;

“1-nji Ýewropa oýunlaryna, 4-nji Yslamy arkalaşyk oýunlaryna, Formula-1 ýaryşlaryna, ABŞ-nyň we Russiýanyň Baş ştabynyň özara duşuşygyna, NATO agza ýurtlar bilen Russiýaly ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň gepleşiklerine ýer eýeçiligini eden Azerbaýjan barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň şeýle beýanat bermegi geň galdyryjy” diýdi.

Hajiýew “Ermenistanyň basyp alyşlygyndan daşary Azerbaýjanyň hökümeti ýurdunyň howpsyzlygyny doly gorap saklaýar. Basyp alyşlyk sebitiň parahatçylygy we durnuklylygy üçin esasy howp hökmünde galmaga dowam edýär” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar