Mustafa Akynjy 10 aý son ilkinji gezek Anastasiadis bilen duşuşar

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy 10 aý soň ilkinji gezek Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen duşuşar

Mustafa Akynjy 10 aý son ilkinji gezek Anastasiadis bilen duşuşar

BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda agşam naharynda duşuşjak iki lider täze etap hakynda pikir alyşar.

Iki lider soňky gezek 2017-nji ýylyň 6-njy iýulynda Bäştaraplaýyn konferensiýanyň çäginde duşuşypdy.

Konferensiýa netije bermändigi sebäpli gepleşik etaby saklanypdy.

BMG şol günden bäri täze etabyň başlamagy üçin taraplaryň arasynda gepleşikler geçirýär.

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy duşuşygyň täze gepleşik etabynyň başlangyjy bolmandygyny nygtaýar.

Akynja görä, agşam nahary iki tarapyň birlikde hereket edip etmejekdigine doly göz ýetirmekden ybarat.

Grek tarapynyň täze gepleşik etabyna goldaw berýändigine garamazdan, tebigy gazyň başda durmagynda käbir ugurlarda bir taraply hereketlerini dowam etdirmegi gepleşik etabyny bökdäp biler.

 

 

 



Degişli Habarlar