Özbegistan Taliban bilen Owgan hökümetiniň arasynda araçy bolmak üçin işe girişdi

Özbegistan Owganystanyň hökümeti bilen Talibanyň arasynda gönüden-göni gepleşikleri gurnamak üçin Taliban bilen gepleşikler geçirmäge başlandyklaryny mälim etdi

Özbegistan Taliban bilen Owgan hökümetiniň arasynda araçy bolmak üçin işe girişdi

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda mart aýynda ýurdyň paýtagty Daşkentde geçirilen Owganystan temaly maslahatyna gatnaşyjylaryň umumy pozisiýasynyň durmuşa geçirilmegi maksady bilen Özbegistanyň Taliban hereketiniň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen konstruktiw gepleşikler geçirýändigini habar berdi.

Beýanatda gepleşiklerde Owganystanda uzak möhletleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, ýurdyň ykdysady galkynyşy bilen bagly dialogyň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň  geljegi bilen bagly meseleleriň ele alynandygy mälim edildi.

Beýanatda Owganystan temaly maslahatda baglaşylan ylalaşyklaryň çäginde Özbegistanyň bu ýurtdaky ýagdaýyň asudalyga gowuşmagyna we sosioykdysady ösüşine goldaw bermek üçin tagalla edilýändigi bellendi.

Şol çäkde Özbegistanyň geçen döwürde Owganystanyň hökümeti, ABŞ, Hytaý, Russiýa, Ýewraziýa sebiti, Günorta Aziýa, Orta Gündogar ýurtlary we Halkara guramalar bilen ençeme maslahatlar we gepleşikler geçirendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar