Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň howa giňişligi Demirgazyk Yrak üçin ýapyldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň hökümetiniň 25-nji sentýabrda bikanun garaşsyzlyk referendumy geçirip, Kerkükde demografik gurluşy üýtgetmek üçin eden ädimleri sebäpli Yragyň Kürt Awtanomiýasyna türk howa giňişliginiň ýapylandygyny aýdandygyny malim edýär. Gazet mundan soň uçarlaryň Türkiýäniň howa giňişligini ulanyp, Yragyň Kürt Awtonomiýasyny geçip bilmejekdigini, ol ýerden uçan uçarlaryň hem Türkiýäniň howa giňişligini ulanyp bilmejekdigini belleýär. Habarda Ibrahim Halil gümrük geçelgesiniň gözegçiliginiň hem Yragyň merkezi hökümetine tabşyrylmagy işleriniň başlandygy habar berilýär.

Haber Türk gazedi: “ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky wiza krizisiniň bolmazlygy iki ýurt üçin hem bähbitli” söz başyly habarynda, Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdagyň Türkiýäniň we ABŞ-nyň gatnaşyklarynyň ozal has uly synaglardan geçendigini, hiç wagt wiza krizisi ýaly hadysa bilen ýüz-ýüze gelmediklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Bozdagyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýanat berendigini beyan edýär. Habarda ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisiniň Waşingtona dogry maglumat bermändigini aýdan Bozdagyň: “Dogry maglumat berilen bolsa, bular ýaly karar kabul edilmezdi. ABŞ-nyň wekiliýeti Türkiýede. Daşary işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň wekilleri bir ýere jemlenip, meseläni ara alyp maslahatlaşarlar. Ýakynda bu meseläniň çözüljekdigine ynanýarys” diýendigi ýazylýar.

Sabah gazedi: “Somaliniň ýaralaryny Türkiýe sorar” söz başyly habarynda, Somaliniň paýtagty Mogadişuda hepdäniň ahyrynda guralan bombaly hüjümlerde ýaralanan somalili 35 adam bejergi almaklary üçin Ankara getirilendigini belleýär. Habarda ýaralanan somalilileriň dürli hassahanalarda bejergi astyna alynandygy nygtalýar. Gazet Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanata görä, terrorçylykly hüjümden soň Prezident R. T. Erdoganyň görkezmesi boýunça ýörite harby uçaryň ýaralanan somalileriň bir bölegini Türkiýä getirmek üçin Somala gidendigine, 10 tonnalyk medisina kömegi bilen 33 adamlyk saglygy goraýyş topary hem 15-nji oktýarda Somala ugradylandygyna ünsi çekýär.

Watan gazedi: “Ýerli derman firmasy Ýewropa eksport etmäge başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň derman pudagynyň meşhur firmalarynyň biri bolan Pharmactive kärhanasynyň dermanlaryny Ýakyn Gündogar, Balkan we Aziýa ýurtlaryndan soň indi bolsa Ýewropa ýurtlaryna eksport etmäge başlandygyny habar berýär. Gazet şolaryň arasynda Awstriýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Gollandiýa, Malta, Portugaliýa, Britaniýa, Fransiýa we Wengriýa ýaly ýurtlaryň bardygyny belleýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Afrikanyň islegi Tümosan traktory” söz başyly habarynda, Türkiýäniň traktor satuwlarynda rekord derejä tarap barýandygyny mälim edýär. Gazet geçen 2016-njy ýylda 72 müň sany traktor satylan bolsa, şu ýylyň ilkinji 7 aýynda 4,9 göterimlik artyşyň bolandygyny nygtaýar. Habarda Tümosan kärhanasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Serhun Olgunyň: “Esasan hem Afrikada Türkiýede öndürilýän traktorlara isleg bildirilýär” diýendigi ýazylýar.



Degişli Habarlar