Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýänin we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Terror guramasyna ýene-de bir zarba” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan düýn Yragyň demirgazygyndaky Gara etrabyna guralan howa operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ýarag pozisiýasy, gaçybatalga we ok-däri ammary hökmünde peýdalanylýan ýerleriň nyşana alynandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Prezidentiň orunbasary Oktaý: Türkiýe iň bir özgerlişikçi ýurt hökmünde tassyklandy” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň düýn Ankarada Kadalaşdyryşda utgaşyklyk geňeşiniň mejlisinde sözlän sözünde: Türkiýe OECD-ä girýän ýurtlaryň hatarynda gönüden halkara maýa goýumlarynyň öňündäki çäklendiriji bökdençlikleri aýyrmakda “iň bir özgerlişikçi ýurt” hökmünde bellige alyndy we soňky 17 ýylda 210 milliard dollardan gowrak gönüden halkara maýa goýumyny özüne çekmegiň hötdesinden geldi” diýendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Darüşşafaka Robot kluby dünýäniň iň başarjaňlarynyň hatarynda” söz başyly habarynda, ““Siemens Türkiýe” tarapyndan goldanýan Darüşşafaka Robot kluby “Sultans of Türkiýe” Türkiýäni buýsandyrmaga dowam edýär” diýip ýazýar. Habarda Darüşşafaka liseýiniň robot klubyndaky okuwçylaryň öz öndüren “Tenten” atly robot bilen ABŞ-da 40 ýurtdan 15 müňe golaý okuwçynyň bäsleşen halkara bäsleşiginiň finalynda “Ylham döredýän inženerçilik” baýragyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Rafadan Taýfa” Kelnde uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, TRT Çagalar ýaýlymynyň halanyp tomaşa edilýän multi filmlerinden biri bolan “Rafadan Taýfanyň” obrazlarynyň teatr çykyşyna Germaniýanyň Keln şäherinde uly gyzyklan görkezilendigini mälim edýär. Gazet Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan guralan teatr çykyşynyň Din işleri edarasynyň Türk-yslam bileleşiginiň merkezinde geçirilendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ukrainaly sungat ussatlary Stambulda sergi açdy” söz başyly habarynda, Stambula gelen ukrainaly suratkeşleriň “Stambul Artist Residensi” çäresiniň çäginde çeken suratlarynyň sergilenýändigini mälim edýär. Habarda Stambuldan ylham alan suratkeşleriň türk kardeşleri bilen geçirýän sungat çäresine başga ýurtlardan hem suratkeşleriň gatnaşmagyny üpjün etmegi nazarda tutýandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar