Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýänin we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogaryna garşy guralmagy ähtimal operasiýanyň taýýarlyklary tamamlandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýada basyp alan ýerlerine garşy guralmagy ähtimal operasiýa barada beýanat berendigini habar berýär. Beýanatda: “Harby birikmeler ählitaraplaýyn taýýar. Siriýanyň demirgazygynda emele getirilmek meýilleşdirilýän howpsyz zolak bilen baglanşykly ABŞ bilen gepleşikler dowam edýär. Häzirki wagta çenli ABŞ tarapyndan oňaýsyz bir jogap alynmady” diýip bellendi.

Star gazedi: “Fridman: Türkiýäni ünsden düşüren bu geografiýada operasiýa geçirip bilmez” söz başyly habarynda, Geopolitical Futures guramasynyň esaslandyryjysy bolan Halkara gatnaşyklar strategi Jorj Fridmanyň, TRT-niň iňlisçe kanaly TRT World kanalyna beýanat berendigini mälim edýär. Türkiýäniň taryh boýunça uly täsire eýe bolandygyny aýdan Fridman: “Siriýada we beýleki sebitlerde başdan geçirilýän wakalara ser salynanda Türkiýäniň öz pozisiýasynyň bardygyny görüp bileris. Bu gaty bir aňsat bir iş däl. Dünýäniň düşünmeli zady, ünsüňizi örän gowy edip Türkiýä bermedigiňiz saýyn, bu geografiýada operasiýa geçirip bilmersiňiz” diýip nygtady.

Hürriýet gazedi; “Milli turbojet dwigateli üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň döwrebap tehnologiýaly milli turbojet dwigatelini öndürmäge başlandygyny aýan edýär. Prezidentiň Goranyş senagaty müdürliginiň goldawy bilen öndürilen Türkiýäniň ilkinji ýerli turbojet dwigateli KTJ-3200-niň synaglary geçirildi. Dwigatelyň eksport bazarlary Ýewropa ýurtlary we ABŞ bolar.

Watan gazedi: “Ägirt uly howa ýollary kärhanasy Stambulda nobata durdy” söz başyly habarynda, dünýäniň ady belli howa ýollary kärhanalary bilen birlikde daşary ýurt howa ýollary kärhanalarynyň Stambula uçmak üçin gepleşikler geçirýändigini beýan edýär. Ýaponiýanyň howa ýollary kärhanasy All Nippon Airways Tokiodan, Hytaýyň Lucky Air kärhanasy bolsa Kunming şäherinden Stambula uçmak üçin gepleşikler geçirýär. Stambula uçar saparyny amala aşyrmak isleýän ýene-de bir howa ýollary kärhanasy bolsa Gulf Airlinesdir.

Haber Türk gazedi: “Bogunlaryň bejergisi üçin suwuklyk öndürdiler, ilkinji talap Ýaponiýadan bildirildi” söz başyly habarynda, Kütahýa welaýatynda bogun biynjalyksyzlyklarynda ulanylýan "glukozamin"-i smorodinadan öndürmegi başaran türk alymlarynyň, Ýaponiýadan 50 tonnalyk bir glukozamin çig mal talabyny alandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Dünýäde diňe leňňeç, krewetka ýaly haýwanlardan alynýan "glukozamin" maddasy, Kütahýa Dumlupynar uniwersitetinden alymlar toparynyň 4 ýyl dowam eden tagallalarynyň netijesinde smorodinadan suwuklyk ýagdaýda aldylar.  


Etiketkalar: metbugat , gazet

Degişli Habarlar