Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Straud: Türkiýäniň strategiýasy Ýewropa görelde bolmaly” söz başyly habarynda, Britaniýada çap edilýän “Taýms” gazetiniň žurnalisti Filippa Straudyň Türkiýe-Siriýa serhedinde geçiren synyny ýazandygyna ünsleri çekýär. Gazet Türkiýäniň 3,5 milliona barabar siriýaly bosguny kabul edendigini ýazan Straudyň: “Türkiýäniň strategiýasy Ýewropa görelde bolmaly” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli harby uçar ilkinji gezek Parižde görkeziler” söz başyly habarynda, Türk awiasiýa we kosmos senagaty (TUSAŞ) kompaniýasynyň baş müdiri Temel Kotiliň Milli harby söweş uçarynyň şol bir ölçegdäki modeliniň şu ýyl ilkinji gezek “Pariž Air Şouda” sergilenjekdigini aýdandyny mälim edýär. habarda Milli söweş uçary taslamasynyň ähli infrastruktura desgalarynyň gurulmagy bilen dowam etdirilýändigine ünsleri çeken Kotiliň: “Bu en uly taslamamyz. Muny tamamlandan soň Türkiýe tehnologik taýdan ABŞ-dan, Russiýadan we Hytaýdan tapawudym ýok diýip biler” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Milli dron “Anka” modil oýun boldy” söz başyly habarynda, türk goranyş senagatynyň köp sanly täze önümleriniň sergilenen “İDEF-19” sergisinde türk goranyş senagatynyň milli dronlaryndan Anka-S-iň mobil aksion oýunyna öwrülendigini ýazýar. “Udo” we “Otto geýms” görnüşinde 7 aýda düzülen “Operasiýa Anka” atly oýunyň Ankanyň dünýädäki bäsdeşlerine garşy ýokary güýjüni we ukybyny görkezýär.

“Haber Türk” gazeti “Gündogar ekspresi Turistik 29-njy maýda ilkinji saparyna başlar” söz başyly habarynda, “Turistiki Gündogar ekspresiniň” 120 adam üçin niýetlenen, ähli küpeli wagonlardan ybarat bolan otlynyň Ankara-Kars saparyny 27 sagatda amala aşyrjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ýapyk ýerde led çyra bilen pomidor ösdürildi” söz başyly habarynda, Antalýada türk firmalaryndan demirgazyk ýurtlarynyň ekerançylyk önümçiliginde peýdalanmaklary üçin gün energiýasyny berýän led çyralary öndürendigini ýazýar.



Degişli Habarlar