Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Täze çözgüt etaby ýok” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, ekstremist terror guramasy PKK-nyň tussaghanadaky lideriniň aklawçysy bilen duşuşmagynyň üstünde durup geçendigini habar berýär. Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi. Maslahatdan soň metbugat işgärlerine beýanat beren Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK-nyň tussaghanadaky lideriniň aklawjysy bilen geçiren duşuşygynyň üstünde durup geçdi. Erdogan, PKK-nyň lideriniň 8 ýyl arakesmeden soň aklawçysy bilen duşuşyk geçirmegi we ondan soň berilen beýanatlar bilen baglanşykly: “Täzer bir çözgüt etaby bolmaz” diýdi.

Haber Türk gazedi: “Türkiýe Ortaýer deňiziniň gündogaryndaky hukuklaryny goramakda tutanýerli” söz başyly habarynda, Energetika ministrliginiň Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň geçirýän buraw işler bilen baglanşykly beýanat berendigini mälim edýär. Beýanatda: “Türkiýäniň öz suw giňişliginde geçirýän buraw işleri bilen baglanşykly içerki we daşarky aktýorlar tarapyndan berilen beýanatlaryň kabul edilmegi mümkin däldir” diýip bellendi.

Star gazedi: “Türk harbylarynyň S-400 howa goranyş ulgamlary bilen bagly tälimleri başlaýar” söz başyly habarynda, Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, maý aýynyň ahyrynda takmynan 100 türk esgeriň ylalaşyga laýyklykda 2019-njy ýylda gowşuryljak S-400 howa goranyş ulgamlaryny ulanmak üçin Russiýada bir harby bazada tälime başlajakdygyny, tälimiň 5 aý dowam etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Suwsyz ekine mümkinçilik beren açyş” söz başyly habarynda, Konýa welaýatynda suwsyzlyk meselesine çözgüt tapmak maksady bilen 3 egindeşiň, miwe we gök önüm pudagynda suwsyz ekine mümkinçilik berjek "Ekobox" ulgamyny oýlap tapandygyny beýan edýär. Agaçlaryň we gök önümleriň ömri boýunça diňe 16 litr suw ulanyp ýetişmegini we köküniň topragyň aşagyndaky suw çeşmesine ýetmegini üpjün etjek ulgam, çöl, daşlyk we gurak ýerlerde hem miwe we gök önüm ýetişdirilmegini üpjün eder. Ulgama daşary ýurtlardan hem uly talap bar.

Watan gazedi: “Türk futbolçy Ozan Kabakyň gymmady haýran galdyrdy” söz başyly habarynda, Halkara Sport derňew merkeziniň habar bermegine görä, Ýewropanyň iň uly 5 ligasynda gymmady iň uly bolan U20 futbolçylarynyň ilkinji 50 adamlyk sanawyny çap edendigini habar berýär. Sanawda 1 türk futbolçy bar. Galatasaraý komandasyndan Germaniýanyň Ştuttgart komandasyna 11 million ýewro geçen Ozan Kabakyň gymmady haýran galdyrdy. Saanwada Ozan Kabakyň häzirki gymmady 20,8 million ýewro hökmünde aýan edildi.


Etiketkalar: sanaw , gazet , Watan

Degişli Habarlar