Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türksat 5A-nyň uçuryljak wagty belli” söz başyly habarynda, Türkiýäniň emeli hemra edarasy Türksatyň Baş müdiri Jenk Şeniň Türksat 5A hemrasynyň geljek ýylyň ikinji çärýeginde älem giňişligine uçurylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Syýahatçylaryň birinji islegi” söz başyly habarynda, geçen ýyl Antalýa iki howa menzilinden we tranzit ýolagçylar bilen jemi 13,591 000 syýahatçynyň, 5 etrapdaky kruiz portlarynda-da 51,835 sany, jemi 13,642,852 syýahatçy kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 2018-nji ýyldaky syýahatçy sanynda 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 30 göterimlik artyş edilen bolsa, 2019-njy ýyl üçin bolsa 16 million daşary ýurtly syýahatçynyň gelmegine garaşylýandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň täze ýaragy “Alka” söz başyly habarynda, Türkiýäniň soňky terror hüjümlerinden ýygy-ýygydan peýdalanylýan partlaýyjy ýüklenen dronlary we elde ýasalan partlaýyjylary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin dünýäde diýseň täze bolan “Alka” Gönükdirilen energiýa ýarag ulgamyny oýlap tapandygyny ýazýar. Habarda “ROKETSAN” firmasynyň Alka ýaragyny ilkinji gezek Stambulda geçirilen 14-nji Goranyş senagaty sergisinde tanyşdyrandygy nygtalýar. Drona garşy göreş ýaragy tanyşdyrlyş wideo rolikde görkezilişine görä partlaýyjy göterýän, howpsyzlygy bozan, ok-däri alyp barýan, içaly dronlary ýa-da sürü dron hüjümi ýaly howplary üstünlik bilen ýok edýär.

“Watan” gazeti “Pasportdan ýüz tanaýyş ulgamy bilen geçişler başlady” söz başyly habarynda, dünýäde köp sanly howa menzilinde ulanylýan barmak yzy we ýüz tanaýyş ulgamy bilen pasport gözegçiliginden geçmegi üpjün edýän Biometrik öz özünden geçiş ulgamynyň synag maksatly Halkara Sabih Gökçen howa menzilinde ulanylmaga başlanjakdygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Ferzan Özpetege İtaliýadan buýsandyryjy habarlar” söz başyly habarynda, meşhur režisýor Ferzan Özpetegiň İtaliýanyň Laske we Napoli şäherlerinden soň Palermo häkimligi tarapyndan hem hormatly raýat hökmünde yglan edilendigini, Palermo uniwersitetiniň bolsa Özpetege hormatly doktorlyk derejesini berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar