Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Stambuldaky saýlaw baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministriniň Metbugat geňeşçisi Hami Aksoýyň ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň metbugat Sekretary Margan Ortagusyň we ABŞ-nyň Kongresiniň käbir agzalarynyň Stambulda saýlawyň gaýtadan geçirilmegi baradaky beýannamalary hakynda; “Ýokary Salaw Geňşi tarapyndan kabul edilen karara hemmeler sarpa goýmaly. Şeýle şertleriň ABŞ-da we başga ýurtlarda-da ýüze çykýandygy, olaryň demokratiýanyň kadalaryna laýyklykda çözülýändigi ýatdan çykarylmaly däl” diýdi.

“Ýeni Şafak”gazet “Anka milli radary bilen Egeý we Ortaýer deňizinde” söz başyly habarynda, milli uçarmansyz howa ulagy Anka-nyň Sintetiki aralykly radary bilen iş alyp barcakdygyny ýazýar. “SAR” radarly we kameraly Anka-nyň Harby deňiz güýçleriniň suw üsti barlag we gözegçilik işleri üçin Egeý we Ortaýer denizlerinde peýdalanylcakdygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Altyn-kümüş eksporty aprel aýnda 258,9 million dollara deň boldy” söz başyly habarynda, Zer eksportçylary bileleşiginiň geçen aý 258,9 million dollarlyk altyn-kümüş şaý seplerini eksport edendiklerini ýazýar. Bileleşikden berilen beýannama görä aprel aýynda esasy eksportyň 81,1 million dollar bilen Ýakyn, Orta Gündogar we Aziýa ýurtlaryna edilendigini, ÝB-ne agza ýurtlara 50,3 million dollarlyk eksport edilendigini nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Lorina MkKennitt Türkiýede üç konsert berer” söz başyly habarynda, kanadaly aýdymçy Lorina MkKennittiň Türkiýede muşdaklary bilen duşuşcakdygyny, konsertleriň birincisini İzmirde, ikinsicisi Anakrada, üçüncisini Stambulda bercekdigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Razgratlyogly we Sofuogly İtaliýada bäsleşer” söz başyly habarynda, milli motosikl sürücüleri Toprak Razgratlyoglynyň Bütindünýä Superbiks çempionatynda Bahattin Sofuoglunyň hem Bütindünýä Supersport 300 çempionatynda hepdäniň ahyrynda İtaliýada bäsleşcekdigini ýazýar.

 



Degişli Habarlar