Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýa

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe iýun aýynda täze ykdysady maksatnamasyny yglan eder” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyn iýun aýynda önümçilik we eksport pudagyny goldamak üçin täze maksatnama yglan etjekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet salgyt ulgamynda-da özgertmeleriň girizilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdan Albaýragyň: “Önümçilik güýjüni ýokarlandyryjy maksatnama bolar. İmporty azaldyp, eksporty ýokarlandyrarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “ “Fatih” burawlaýyş gämisi Kipr adasynyň günbatarynda burawlaýyş işlerine başlar” söz başyly habarynda, “Fatih” burawlaýyş gämisiniň “Barbaros Haýrettin Paşa” seismiki barlag gämisiniň flot goldawy bilen barlaglaryny tamamlandygyny we Kipr adasynyň günbatarynda burawlaýyş işlerine başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet burawlaýyş işleriniň netijesinde Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki ilkinji energiýa känini şol giňişlikde özleşdirmegine garaşylýandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe Pakistandan “Super Musak” tälim uçaryny alar” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň depgininiň ösjekdigini mälim edýär. Habarda Türkiýäniň 30 sany “Atak” hüjüm dik uçaryny Pakistana satandygy, Pakistandan soň 52 sany “Super Musak” kysymly tälim uçaryny almagy meýilleşdirýändigi nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “Tolgundyryjy açyş, Kappadokiýada tötänleý tapyldy” söz başyly habarynda Newşehir welaýatynyň Ajygöl etrabynyň Tatlarin etrapçasynda ýerasty şäheriniň tapylandygyna ünsleri çekýär. Gazet Müzeý müdirligi tarapyndan başladyljak işlerden soň ýerasty şäheriniň syýahatçylyk pudagyna açyljakdygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Baýram üçin 300 müň rezerwasiýa etdirildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Myhmanhanaçylar federasiýasynyň başlygy Osman Aýygyň 5-nji iýunda başlajak Oraza baýramy dynç alyşynda Türkiýe boýunça 300 müň sany ýerli syýahatçynyň myhmanhanalarda dynç aljakdygyny aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar